Katar Germaniýanyň kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryna aýratyn ünsi gönükdirip, ýene-de milliardlarça dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Handelsblatt” neşiri diplomatik we işewür toparlara salgylanyp habar berýär. Nemes neşiriniň maglumatlaryna görä, Kataryň garaşsyz gaznasy (QIA) we ýurduň hususy pudagynyň işgärleri nemes senagatyndaky kiçi we orta kompaniýalary maýa goýmagy göz öňünde tutýarlar.
– Biziň wekiliýetimiz bahym iri sermaýalar barada mälim eder – diýip, 7-nji sentýabrda Berlinde geçirilen nemes-katar işewür we maýa goýum maslahatynyň öňüsyrasynda Kataryň maliýe ministri Ali Şarif al-Emadin neşir bilen söhbetdeşlikde belläp geçdi.
Kataryň birnäçe nemes kompaniýalarynda, şol sanda “Volkswagen”, “Deutsche Bank”, “Siemens”, “Hochtief” we “SolarWorld”-da paýnamalary bar. “Handelsblatt”-yň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda Kataryň Germaniýa sermaýasynyň umumy möçberi 20 milliard dollara deňdir.