1-nji awgusta hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirilýär
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýedi aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Şeýle hem «Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn bellemek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet ýolbaşçylarynyň zähmet rugsady başlandy
Döwlet Baştutanymyz 1-nji awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady döwründe ýolbaşçylaryň ählisine gowy dynç almagy arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
PDF







