18-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow alyp bardy. Ol öz çykyşynda bäsleşigiň ýeňijisi bolan mekdep mugallymlaryny tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara hem-de ýaş mugallymlara nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.

«Ga­raş­syz Wa­ta­nym – Türk­me­nis­ta­nym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň şert­le­ri­ne we düz­gü­ni­ne la­ýyk­lyk­da:
Baş baý­ra­ga «Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Türk­me­nis­ta­nyň ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň öw­re­ni­liş ta­ry­hyn­dan», «Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Türk­me­nis­ta­nyň ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri» we «Daş­ra­bat ker­wen­sa­ra­ýy» at­ly ma­ka­la­la­ry üçin Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki 20-nji or­ta mek­de­biň ta­ryh mu­gal­ly­my, ta­ryh ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty alym­lyk de­re­je­si­ne da­laş­gär Hem­ra Täç­gy­ly­jow my­na­syp bol­dy.
1-nji or­na «Be­ýik Ýü­pek ýo­luň ýü­re­gi – Wa­tan», «Ro­wa­ýat­lar me­ka­ny Bö­ten­dag» at­ly ma­ka­la­la­ry bi­len Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gö­rog­ly et­ra­byn­da­ky 45-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my Ba­har Ata­ba­ýe­wa la­ýyk gö­rül­di.
2-nji or­na «Bäş şi­riň oba­sy» at­ly ma­ka­la­sy bi­len Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ho­jam­baz et­ra­byn­da­ky 18-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my Sä­het Gut­ly­ýew hem-de «Pa­ryz­de­pe – mil­li mi­ra­syň gen­ji-ha­zy­na­sy» at­ly ma­ka­la­sy bi­len Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 48-nji or­ta mek­de­biň iň­lis di­li mu­gal­ly­my Bek­my­rat Bek­jä­ýew da­gy my­na­syp bol­dy.
3-nji orun­la­ra de­giş­li­lik­de, «Ata Ak­bä­bä­ýe­wiň zäh­met çe­ken oja­gyn­da» at­ly ma­ka­la­sy bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len we­la­ýat mek­de­bi­niň ta­ryh mu­gal­ly­my An­na­şe­ker Ýe­gen­dur­dy­ýe­wa, «Amy­der­ýa ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da» at­ly ma­ka­la­sy bi­len Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da­ky 20-nji or­ta mek­de­biň ta­ryh mu­gal­ly­my Aý­na­bat Ro­zy­ýe­wa hem-de «Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler – geç­mi­şiň yz­la­ry» at­ly ma­ka­la­sy bi­len Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gö­rog­ly et­ra­byn­da­ky 14-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri­niň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry, TMÝG-niň iş­jeň ag­za­sy Ja­han Ba­ba­ýe­wa da­gy la­ýyk gö­rül­di.


Şeý­le hem Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­byn­da­ky 27-nji or­ta mek­de­biň baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my Leý­la Ýaz­my­ra­do­wa («Be­şir ga­la­sy – asyr­la­ryň syr­ly şa­ýa­dy» ma­ka­la­sy), Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki 33-nji or­ta mek­de­biň ma­te­ma­ti­ka mu­gal­ly­my Ma­di­na Tä­ji­ýe­wa («Da­şo­guz: geç­mi­şi ta­ryh­ly, gel­je­gi şöh­rat­ly» ma­ka­la­sy) we Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gu­ba­dag et­ra­byn­da­ky 40-njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my Göw­her Hu­daý­ber­ge­no­wa («Gu­ba­da­gyň tä­sin ta­ry­hy» ma­ka­la­sy) da­gy hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan mu­gal­lym­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň hem-de «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň baş re­dak­to­ry My­rat­dur­dy Gar­ja­now hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Döw­let­gel­di Dur­dy­mu­ham­me­dow we baý­ra­ga my­na­syp bo­lan mu­gal­lym­lar çy­kyş et­di­ler.


Gün-gün­den öz­ger­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň be­lent ösüş­le­rin­de mu­gal­lym­la­ryň my­na­syp pa­ýy bar. Ýaş­la­ra bi­lim-ter­bi­ýe ber­ýän ze­hin­li mu­gal­lym­la­ry­myz öz ma­ka­la­la­ryn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy, eş­ret­li za­ma­na­my­zy, bag­ty­ýar hal­ky­my­zy, pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, owa­dan kün­jek­le­ri­ni, oba­la­ry­ny we şä­her­le­ri­ni çe­per söz­de wasp ed­ýär­ler. «Ga­raş­syz Wa­ta­nym – Türk­me­nis­ta­nym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şan mu­gal­lym­la­ra «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň adyn­dan köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan ze­hin­li mu­gal­lym­la­ry­my­zy ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, ga­lam­la­ry­nyň has-da ýi­ti bol­ma­gy­ny we iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

«Za­man-Türk­me­nis­tan».