Ispaniýanyň Walensiýa şäheri 2019-njy ýylda “akylly” syýahatçylyga eýe bolan Ýewropa paýtagty diýen derejä dalaşgärleriň sanawyna girdi. Çünki Walensiýa şäheri durnuklylyk, elýeterlilik, tehnologik ösüş we medeni miras ýaly dört ugur boýunça aýratyn orny eýeleýär. “Akylly” paýtagt diýen derejäni bermek boýunça Ýewropa Bileleşiginiň bu başlangyjy durnukly, ähli hyzmatlary öz içine alýan innowasion syýahatçylygy öňe ilerletmäge gönükdirilendir. Şu ýyl bu dereje ilkinji gezek berlip, iki sany ýeňiji şäher Ýewropanyň syýahatçylyk gününde mälim ediler.
Walensiýa şäherine Ýewropanyň paýtagty derejesiniň berilmegi syýahatçylygy ösdürmekde ähli döwlet we hususy guramalarynyň tagallalarynyň netijesi bolup, “Walensiýa – 2020” strategik meýilnamanyň çäklerinde ykdysadyýetiň, daşky gurşawyň we jemgyýetiň bähbidini nazara alar diýlip hasap edilýär. Walensiýada islendik syýahatçyny kabul etmäge ygtyýar berýän päsgelçiliksiz şertler döredilendir. Şeýle hem fiziki mümkinçilikleri çäkli bolanlara suwa düşmek üçin elýeterli bolan deňiz kenarlary bar. Walensiýa ähli tehnologik ösüşi, döwrebaplygy bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Lonha-de-la-Seda ýüpek biržasy, kazyýet binasy we Falýas baýramçylygy bilen tapawutlanýar.