Ýewropa komissiýasy jemgyýetçilik pikir soraşmasyna laýyklykda, Ýewrobileleşigiň raýatlarynyň aglaba köpüsiniň her ýylky tomusky sagat düzgünine geçilmegine garşydygyny nazara alyp, sagadyň dilini süýşürmegi bes etmegi teklip edýär. Bellenilişine görä, geçirilen pikir soraşma Ýewropa Bileleşiginiň 28 ýurdundan 4,6 million töweregi adam gatnaşyp, olaryň 84 göterimi tomusky sagada geçilmeginiň ýatyrylmagy barada öz pikirlerini beýan etdiler.
– Birnäçe million ýewropalylaryň pikirlerini göz öňünde tutup, Ýewropa Bileleşigi kanuny teklibi taýýarlady we ony Ýewropa parlamentiniň we Ýewropa geňeşiniň garamagyna hödürlär – diýip, Ýewropa Bileleşiginiň ulag meseleleri boýunça komissary Wioletta Buls belläp geçdi.
Mundan başga-da, Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker Germaniýanyň ZDF teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde ýewropalylaryň tomusky wagta geçmek meseleleri boýunça pikirleriniň hormata mynasypdygyny aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde 1996-njy ýyldan başlap, mart aýynyň soňky ýekşenbesinden tä oktýabryň soňky ýekşenbesine çenli aralykda elektrik energiýasyny tygşytlamak maksady bilen, tomusky wagta geçilmeli diýlen karara gelnipdi. Emma sagadyň dilleriniň süýşürilmegi köp ýyllardan bäri oňlanman gelýär.