Lon­don­da how­zuň için­de küşt bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Oňa paý­has­ly guw­was­lar gat­naş­dy. Oý­nuň umu­my düz­gün­le­ri üýt­gew­siz­li­gi­ne gal­dy. Ýö­ne küşt­çi gö­çüm et­mä­ge pi­kir­len­mek üçin su­wa çüm­me­li bol­ýar. De­mi­ňi nä­çe uzak sak­lap bil­se­ň, şon­ça hem wag­tyň köp bol­ýar.
Küşt tag­ta­sy we mal­lar how­zuň düý­bün­dä­ki mag­ni­te ber­ki­di­lip, oňa gat­na­şy­jy­lar hiç hili en­jam­syz we kis­lo­rod­ly bal­lon­syz çüm­ýär­ler. Oýun dört döw­de ge­çi­ri­lip, onuň do­wam­ly­ly­gy 40 mi­nut. Şu ýyl öz­bo­luş­ly eşik ge­ýen tür­gen ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol suw­da uzak sak­lan­mak üçin 5 ki­log­ram­lyk gan­te­li ýa­ny­na alan ýe­ke-täk gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ri­dir.
– Nä­hi­li düz­gün­de­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, dün­ýä çem­pio­ny bol­mak he­mi­şe uly buý­sanç. Su­was­tyn­da oýnal­ýan küş­t täsin duý­gu­la­ry başdan geçirmäge sebäp bolýar. Bu ha­ky­ky şat­lyk – di­ýip, çem­pi­on buý­san­jy­ny be­ýan et­di.
Su­was­tyn­da­ky küşt oýun­la­ry 2011-nji ýyl­da ame­ri­kan küşt­çü­si Etan Il­feld ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­dy. Bir ýyl soň­ra bol­sa, il­kin­ji ge­zek dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.