Şweýsariýanyň iýmit önümlerini we içgilerini öndüriji “Nestle S.A.” golaýda amerikan kofe tory “Starbucks” bilen geleşik baglaşdy we onuň kofesini hem-de çaýyny satmaga ygtyýarnama aldy. Bu barada kompaniýalaryň bilelikdäki beýanatynda mälim edilýär. Şeýlelikde, “Nestle” “Starbucks”-yň (Starbucks Consumer Packaged Goods and Foodservice) gündelik harytlaryny we iýmit önümlerini bütin dünýäde satmaga hemişelik hukuk gazandy.
Taraplar maý aýynda bahasy 7,15 milliard dollara barabar geleşik barada mälim etdiler. Şonda “Nestle”-niň “Starbucks”-yň “Seattle’s Best Coffee”, “Starbucks Reserve”, “Teavana”, “Starbucks VIA” we “Torrefazione Italia” ýaly goşmaça kompaniýalarynyň has giňden ýaýran önümlerini satmaga hukuk gazanjakdygy habar berlipdi.
1866-njy ýylda esaslandyrylan Şweýsariýanyň “Nestle”-sine dünýäniň 83 ýurdundaky 400-den gowrak fabrik degişlidir. 1971-nji ýylda Sietlide esaslandyrylan “Starbucks”-yň dünýäniň 76 ýurdunda 28 müňden gowrak kofehanasy we dükany işleýär.