Taýwanyň häkimiýeti 2019-njy ýyldan başlap, ýurduň çäklerinde iňlis dilini resmi dil hökmünde ykrar etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Premýer-ministr Uilýam Laý mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, täze girizilen kada iňlis dilini öwrenmegiň derejesini artdyrar we taýwanlylara daşary ýurtlardan iş tapmaga ýardam berer. Ýurt boýunça iki dili hem öwredýän mekdepler döredilip, ol ýerlerde birinji synpdan başlap, iňlis dili öwrediler. Uilýam Laýyň bellemegine görä, şeýle başlangyç Taýwany köp dilli ýurda öwrer.
Häzirki wagtda bu adada ilatyň 83,5%-i hytaýça, 81,9 %-i taýwança, 6,6 %-i hakka dialektinde we beýleki awstroneziýa dillerinde gepleşýärler. Geçen ýyl Taýwanyň häkimiýeti ýerli dilleri ösdürmek barada karar kabul etdi. Resminamada aborigenleriň dili ýurtda resmi dil diýlip ykrar edilýär.