Beýik Britaniýanyň “Whitbread” kompaniýasy özüniň kofehanalar toplumy “Costa Coffee”-ni 3,9 milliard funt sterlinge (5,1 milliard dollar) “Coca-Cola” kompaniýasyna satmak barada ylalaşyk gazandy. Geleşik “Whitbread”-iň direktorlar geňeşinde biragyzdan makullanyp, şeýle kararyň paýdarlaryň bähbidinedigi öňe sürüldi.
Kofehanalar tory “Costa Coffee” 1971-nji ýylda döredildi. Haçan-da, torda diňe 39 kofehana barka, ony “Whitbread” 1995-nji ýylda esaslandyryjylardan satyn aldy. Häzir onuň Beýik Britaniýada 2 müň 400 kofehanasy bolup, ýene-de 1 müň 400-si dünýäniň 31 ýurdunda işleýär. 1742-nji ýylda esaslandyrylan “Whitbread” kompaniýasynyň ygtyýarynda şu günki günde birnäçe myhmanhanalar, restoranlar we kofehanalar bar.