Merjenler ekoulgam üçin örän ähmiýetli bolup, ýaşaýyş üçin zerur bolan kislorody öndürmäge goşant goşýar. Emma bu adaty bolmadyk jandarlaryň ýaşaýan ýerleri we sany häzire çenli 50 % azalypdyr. Ummanlardaky ýaşaýşyň dowam etmegine gönüden-göni täsir edýän merjenleriň köpeldilmegi üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Alymlaryň deňizleriň ekoulgamy hem-de adamlar üçin şeýle ähmiýetli jandaryň köpeldilmegi üçin eden tagallalary oňyn netije berip başlady. “Coral Restoration Foundation”-iň (Merjenleri dikeltmek gaznasy) biologlary düzüminde has köp mukdarda kömürturşy bolan suwda ýaşamaga ukyply merjen görnüşlerini öwrendiler we ony laboratoriýa şertlerinde gysga wagtda köpeltmegi başardylar. Soňra bolsa, şol merjenler tebigy şertlerde ýaşamaklary üçin ummanlara goýberildi. Olaryň ýaşamaklary üçin suwuň aşagynda plastmassadan ýasalan agaja meňzeş gurluşlar ýerleşdirildi. Bu emeli agaçlarda örňän merjenler ulalansoň, tebigy riflere äkidilip goýberildi. Jandaryň “Acropora florida” atly görnüşi ýokary netije berdi.
“Siderastrea sidereal” atly başga bir merjen görnüşiniň hem sany azalýar. Alymlar topary jandaryň bu görnüşi üçin hem emeli köpeltmek usulyny synagdan geçiripdirler. Onuň netijesinde bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda tebigy şertlerde 100-200 ýyldakysy ýaly ulaldylar. Ol merjenleri-de ummanlaryň düýbüne – hakyky ýaşamaly ýerine goýberdiler. Biologlar bu usul bilen olaryň sanyny köpeldip biljekdiklerini we ummanlaryň teýiniň tebigy deňagramlylygyny gorap saklap boljakdygyny aýdýarlar. Merjen rifleriň ýitip gitmezligi üçin başga-da birnäçe ylmy işler durmuşa geçirilýär.