10-njy awgustda Ýewropada howpsuzlygy üpjün etmek we ýaramaz netijeleriň öňüni almak maksady bilen, Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni hem-de Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen migrasiýa syýasatyny pugtalandyrmaga we berk gözegçiligi ýola goýmaga gönükdirilen bilelikdäki resminamany köpçülige ýetirdiler.

Ýewropa döwletleriniň Başlyklary sebitde durnuklylygy saklamak, jenaýatçylygyň öňüni almak we döwlet hyzmatlaryna düşýän agramy gowşatmak maksady bilen bikanun migrasiýa garşy göreşmegiň möhümdigini nygtadylar. Taraplar daşary ýurtly kanun bozujylaryň we agyr jenaýat edenleriň ýurtlardan çykarylyşyny çaltlandyrmagyň zerurlygyna ünsi çekdiler. Şeýle hem üçünji ýurtlarda gaýdyp gelýänler üçin ýörite merkezleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek göz öňünde tutulyp, munda Ýewropanyň kanunçylyk kadalaryna we ählumumy gymmatlyklaryna doly sarpa goýulmagynyň esasy talap bolup durýandygy bellenildi.