UEFA Super Kubogy duşuşygy 51-nji gezek geçiriler. Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi Fransiýanyň PSŽ topary bilen Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi “Aston Willanyň” arasyndaky bu duşuşyk 12-nji awgustda, çarşenbe gününden, penşenbe gününe geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar. Duşuşyk Awstriýanyň Salsburg şäherindäki 29 müň orunlyk “Red Bull Arenada” geçiriler. Oýna somalili Omar Artan eminlik eder. Ol Dünýä Kubogynda jürlewük çaljak eminleriň sanawyna alnyp, soňra onuň wizesi ABŞ-nyň degişli edaralary tarapyndan ýatyrylypdy. Şol mynasybetli-de, UEFA geçen ýyl Afrikada ýylyň emini saýlanan Omar Artana göwünlik bermek maksady bilen UEFA Super Kubogynyň duşuşygyny ynandy. Ol UEFA Super Kubogy duşuşygynda jürlewük çaljak Ýewropadan bolmadyk ilkinji emin bolar.

Iki topar mundan öň 2 gezek duşuşyp, şolarda hersi 1 sapar ýeňiş gazandy. 2024/25 möwsüminde UEFA Çempionlar Ligasynyň çärýek finalynda duşuşan toparlaryň 1-nji oýnunda Angliýada “Aston Willa” 3-2, 2-nji oýunda Parižde PSŽ 3-1 hasabynda ýeňipdi.

PSŽ topary UEFA Super Kubogyny 2025-nji ýylda, “Aston Willa” bolsa 1982-nji ýylda eýeläpdi.

Ýeri gelende bellesek, “Aston Willanyň” tälimçisi Unaý Emeri 2016-18-nji ýyllar aralygynda PSŽ toparyny hem türgenleşdiripdi.