Ýewropanyň, Aziýanyň hem-de Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň futbol konfederasiýalary tarapyndan FIFA-nyň başlygy Janni Infantinonuň dünýä çempionatynyň hukuklarynyň bir bölegini satmak baradaky meýilnamasy kesgitli tankyt edildi. Guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan çap edilen açyk hatda bu ädime ynamy düýpgöter sarsdyran hereket hökmünde baha berlip, futbolyň hiç kime degişli däldigi we onuň bähbitleriniň ähli zatdan ýokarda durmalydygy bellenildi.
Bellenilmegine görä, FIFA-nyň ýolbaşçysynyň bu başlangyjy halkara sportda berk garşylyga duçar bolup, milli assosiasiýalar we konfederasiýalar tarapyndan ýiti nägilelik bildirilmegine hem-de ýolbaşçynyň öz işine tankydy nazar bilen seretmegini talap etmäge sebäp boldy.
PDF








