Ozal habar berşimiz ýaly, 7–9-njy awgust aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherindäki «Içan gala» taryhy toplumynyň we “Arda Khiva” syýahatçylyk merkeziniň çäginde «Gawun baýramy» festiwaly geçirildi. Giň gerimli gastronomik we medeni çärä Özbegistanyň dürli sebitlerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen syýahatçylar, şeýle hem ýerli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Festiwal Syýahatçylyk komiteti bilen Horezm welaýatynyň häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy. Şu ýyl çärä jemi 186 müň adam, şol sanda 150 müň ýerli we 36 müň daşary ýurtly syýahatçy gatnaşdy.
Festiwalyň esasy wakalarynyň biri gawuny bir wagtda iň köp adamyň dadyp görmegi boýunça dünýä rekordynyň goýulmagy boldy.
“Guinness World Records” guramasynyň resmi şahadatnamasyna görä, rekord 9-njy awgustda Hywada goýuldy. Gawun dadyp görmek çäresine bir wagtda 259 adam gatnaşyp, olar gawunyň 10-dan gowrak görnüşini dadyp gördüler. Rekordy tassyklamak işine “Guinness World Records”-yň resmi emin agzasy, guramanyň Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça wekili Şeýda Subaşy Gemiji gözegçilik etdi.
Üç günüň dowamynda myhmanlar üçin meşhur artistleriň çykyşlary, ussatlyk sapaklary, sergiler we dürli bäsleşikler bilen baý maksatnama hödürlendi. Ýapylyş dabarasy rus aýdymçysy MakSim-iň çykyşy bilen tamamlandy.
Horezm welaýatynyň etraplary, öňdebaryjy daýhan hojalyklary we beýleki gatnaşyjylar gawunyň onlarça görnüşini, şeýle hem sebitde öndürilýän önümleri, döwrebap tehnologiýalary we oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny hödürlediler. Myhmanlar gawunyň dürli görnüşlerini dadyp görmäge, öndürijiler bilen söhbetdeş bolmaga hem-de Horezmde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
PDF








