Abraýly guramalar
mynasyp baha berdiler
Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň Ýewropa ýurtlary boýunça müdiri, hanym Anni Sasko Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň täze elektrik stansiýanyň ekologiýa babatynda howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamasyny gowşurdy we Türkmenistanyň daşky gurşaw üçin howpsuz taslamalary durmuşa geçirmekde, önümçilikde ekologiýa taýdan arassa energiýany peýdalanmakda gazanylan üstünlikler bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň Ýewropa boýunça dolandyryjysy, jenap Andreas Ýanzen Mary şäherinde gurlan elektrik stansiýasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu taslamanyň dünýäde iň gowy taslamalaryň biri bolup, ähli ölçegler babatda öňdebaryjy ülňülere laýyk gelýär diýip belledi. Şeýle hem täze elektrik stansiýanyň Şweýsariýanyň federal tehnologiýa instituty tarapyndan “Ýokary tehnologiýaly energetika desgasy” diýlip ykrar edilendigini aýtdy we degişli Sertifikaty gowşurdy.
Şeýle hem Max Planck adyndaky energiýa institutynyň energiýa bölüminiň direktory, jenap Anton Lepigson bu taslama Türkmenistan üçin hem, Orta Aziýa üçin hem ählumumy taslama bolup, sebitiň gülläp ösmegi, goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir diýip belledi. Ekologiýa ugurlarda durmuşa geçirilýän uly işler, Gündogaryň we Günbataryň iň gowy tejribeleriniň işjeň ulanylýandygy üçin Max Plank adyndaky energiýa institutynyň wekili elektrik stansiýanyň direktoryna “Durnuklylyk we netijelilik üçin” diýen Sertifikaty gowşurdy.
Ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy açyldy
Häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat we durmuş maksatly desgalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bedew bady bilen öňe barýan döwletimizi çalt depginler bilen senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilmeginde elektrik energiýasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Şoňa laýyklykda hem ýurdumyzda öňki bar bolan elektrik stansiýalaryň, beketleriň durkunyň täzelenmegi bilen bir hatarda, häzirki zaman gazturbina elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, paýlaýjy beketler gurulýar we paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň elektrik üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamy düýpli täzelenýär. Geçirilýän bu çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň energetika senagatynyň kuwwatlyklary birnäçe esse ýokarlandy we munuň özi diňe ýurdumyzyň sarp edijilerini üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurtlara hem elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik döredi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2013–2020-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli Konsepsiýa tassyklanyldy. Onuň tapgyrlarynyň her biri düzümleýin desgalaryň ençemesiniň gurluşygyny özüne birleşdirýär. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň kuwwatynyň artmagyny nazara almak bilen, täze energetika ulgamlarynyň kuwwaty has-da ýokarlandyrylýar. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan stansiýalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň we beýleki şäherlerimiziň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar ýurdumyzda elektrik energiýasy bilen doly üpjünçiligi döretmäge hem-de ony goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda doganlyk owgan halkyna parahatçylykly durmuş gurmakda hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrülen Ymamnazar–Andhoý we Serhetabat–Hyrat elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurulmagy, şeýle hem şu ýylyň tomsunda Rabatkaşan–Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ýeňillikli şertlerde türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan beýleki iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Mary DES-niň çäginde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurulmagy hem türkmen elektrik energetikasynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Döwrebap energetika desgasy
Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogunyň ulanyşa girizilmegi bilen stansiýanyň bellenilen kuwwatlylygy 1685 MWt-a deň boldy. 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda umumy kuwwaty 146,7 MWt bolan 3 sany gaz turbinalaryň ulanyşa girizilmegi netijesinde, elektrostansiýanyň kuwwaty 1831,7 MWt-a ýokarlandy. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça kuwwaty 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlandy.
Bu döwrebap elektrik stansiýasynda dünýä meşhur “General Electric” amerikan kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 263,25 megawat bolan gaz turbinalarynyň 4-si we her biriniň kuwwaty 260,5 megawat bolan bug turbinalarynyň 2-si oturdylandyr. Ýokary basyşly aşa gyzdyrylan bug öndürmek üçin – hersiniň öndürijiligi 360 tonn/sag bolan 4 sany kotýol-utilizatorlar gurnalandyr. Gazturbinalaryndan çykýan zyýanly gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi bu stansiýanyň işiniň esasy aýratynlygydyr.
Ýönekeý dolanyşykda işleýän gaz turbina desgalaryndan tapawutlylykda, utgaşykly dolanyşykda işleýän desgalarda gaz turbinalaryň ýanma önümleriniň gyzgynlygy kotýol-utilizatorlara berilýär, netijede, aşa gyzdyrylan ýokary basyşly bug öndürilýär we onuň kömegi arkaly generator bilen bir walda oturan bug turbinasy herekete getirilýär hem-de elektrik energiýasy öndürilýär.
Öndürilen elektrik energiýasy 110/220/500 kW
güýjenmeli açyk paýlaýjy gurluşlary arkaly
Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna berler.
1Elektrik stansiýanyň peýdaly täsir koeffisienti 56 göterim bolar, bu bolsa, ýönekeý dolanyşykda işleýän desgalaryňka garanyňda ,22 göterim artykdyr.
2Her ýylda 1 mlrd. 100 mln m3 tebigy gaz tygşytlanar.
3Ýanma önümleriniň atmosfera zyňylýan temperaturasy 100 dereje çenli peseldiler, ýagny ýönekeý dolanyşykda işleýän desgalaryňka garanyňda, 440 dereje pes bolar.
4Daşky gurşawa zyňylýan parnik emele getiriji gazlaryň mukdary 3 mln 100 müň tonna azalar.
5Elektrik energiýasyny sarp edijileri ýokary hilli elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny we eksport maksatlary üçin tehniki mümkinçiliklerini artdyrar.
6Elektrik stansiýada ýangyjy sarp etmegiň azalmagy netijesinde, daşky gurşawa zyňylýan ýanma önümleriň zyňylmagy peseler, bu bolsa öz gezeginde daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmekde degerli ýardam berer.
Stansiýanyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwaty 1574 megawat möçberde artar. Sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlanar. Daşky gurşawa goýberilýän zyýanly galyndylaryň möçberi ýylda 3,1 million tonna möçberde azalar. Daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini goşmaça 3 milliard kilowat-sagada çenli artdyrmaga we raýatlarymyzy täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.