Türkmen topragynyň dürli künjeklerindäki taryhy ýadygärlikler asyrlaryň, müňýyllyklaryň taryhy syrlaryny öz goýnunda gizleýär. Şeýle gadymy ojaklaryň biri hem Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap ýadygärlikler toplumydyr.
Amyderýanyň orta akymlary gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Bu ýerde gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul şäheri diňe bir sebit ähmiýetli şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gündogar-günbatar we demirgazyk-günorta söwda ýollaryny birleşdirýän möhüm çatryk hem bolupdyr. Gadymy Amulda hünärmentçiligiň we söwdanyň gülläp ösmegi onuň töwereklerinde täze şäherleriň peýda bolmagyna getiripdir. Amulyň ýakyn goňşularynyň biri hem häzirki Farap ýadygärlikler toplumyny emele getirýän gadymy şäher bolupdyr. Bu gadymy şäher baradaky maglumatlara orta asyr awtorlary Ýakudyň, Makdisiniň, Istahriniň, Ibn Hakalyň işlerinde hem duş gelmek bolýar. Tabari, Ibn Hakal ýaly awtorlaryň işlerinde bolsa, gadymy Farabyň salgyt töleýjileri barada giňişleýin maglumat berilýär. Ol maglumatlar orta asyrlarda Farap şäheriniň gurply ilatynyň, ösen hojalyk-ykdysady durmuşynyň bolandygyny görkezýär. Köpsanly çozuşlar we soňraky uruşlar netijesinde, orta asyrlarda gülläp ösen Farap şäheri kem-kem öz ýaşaýşyny bes edipdir we gum depelerine öwrülip gidipdir.
Gadymy Farapdan galan ýadygärligiň esasy bölegi ini 40-60 ädimden we uzynlygy 300 ädimden ybarat bolup, ol demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara tarap uzalyp gidýär.
XX asyryň başlarynda Aşgabatdaky arheologiýany söýýänleriň gurnagynyň ýardamy bilen belli gündogary öwreniji alym L.A. Zimin tarapyndan bu ýerde ilkinji gezek arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilipdir. “Bu ýadygärligiň ylmy jemgyýetçilige bütinleý nämälim bolmagy we Çärjew gimnaziýasynyň okuwçylarynyň bu ýadygärlik bilen gyzyklanmagy ol ýerde barlag geçirmäge itergi berdi” diýip, öz matlabyny aýan eden alym geçiren ylmy-barlaglary barada Aşgabatdaky arheologik gurnagynda nutuk bilen çykyş edipdir, soňra bolsa, “Gadymy Farap” ady bilen rus dilinde kitap çykardypdyr.
L.A. Zimin barlaglara başlamazdan öňürti gadymy Farap baradaky rowaýatlary, orta asyr awtorlarynyň işlerini ykjam öwrenipdir. Soňra ol maglumatlary öz arheologik tapyndylary bilen deňeşdirip, çuňňur ylmy derňewleri geçiripdir. Olardan ýüzugra netije çykarman, ilki ylmy nukdaýnazardan öwrenip, soňra öz pikirlerini öne sürüpdir, hatda käbir orta asyr awtorlaryna bellikler hem edipdir. Bu arheologiki barlaglar netijesinde IX-X asyrlarda Farapda kämil we uly gerimli gurluşyklaryň alnyp barlandygy ýüze çykarylýar. Ol gurluşyklarda ýokary hilli bişen kerpiçleriň ulanylandygy subut edilýär. Ýadygärlikden köp sanly süňkler, aýna bölekleri, çüýşe şekilli gaplar we şuňa meňzeşler tapylýar.
Ýadygärligiň mundan beýläk hem arheologik usulda has çuňňur öwrenilmeginiň gerekdigini, diňe şonda onuň köküne aralaşyp boljakdygyny we IX-X asyrlara degişli köne gatlagyň doly öwrenilip bilinjekdigini awtor öz işinde nygtap geçýär.
L.A. Zimin gadymy Faraby arheologik taýdan öwrenýän wagty onuň toparynyň düzüminde suratkeş P.M. Nukuçorow hem bolupdyr. Ol gürrüňi edilýän ýadygärlige degişli birnäçe suratlary alypdyr. Olaryň arasynda Hajy Farabynyň guburynyň şekili aýratyn hem gymmatly foto maglumat bolup durýar. Umuman, geçirilen barlaglar, toplanylan taryhy maglumatlar orta asyrlar döwründe Amyderýanyň orta akymlarynda uly gerimli ykdysady we medeni ösüşleriň bolandygyna şaýatlyk edýär.
Tirkiş BAÝRAMOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.