Dünýäniň awtomobil sportunyň muşdaklarynyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty gelip ýetdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryny Türkmenistana gönükdiren iri we taryhy sport baýramçylygy — “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi ýokary guramaçylykda geçirilýär. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 80-den köp topar gatnaşýar. Olaryň hatarynda Fransiýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Belgiýanyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň hem-de ýene-de köp sanly ýurtlaryň dünýä belli ralli türgenleri bar. Milli Liderimiziň şahsy göreldesinden ruhlanan türkmen türgenleri hem özleriniň daşary ýurtly bäsdeşleri bilen Garagum sährasynyň belentli-pesli depelerinde menzil aşýarlar.
“Amul – Hazar 2018” halkara
awtorallisiniň 1-nji güni, 9-njy sentýabr:
Ýurdumyzyň gündogar sebitindäki Lebap welaýatynda Amyderýanyň kenarynda badalga alan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçýän bu deňsiz-taýsyz awtomobil ýaryşy giň seslenme döretdi. Ýaryşyň ilkinji güni uzak ýol söküp, dünýäniň dürli künjeklerinden awtomobil sportunyň türgenleri Türkmenabat şäherine geldiler. “www.turkmendesertrace.com” internet sahypasynda bellenilişi ýaly, ýaryş ulaglary Ýewropadan Türkmenabada 15 günde geldi. Şol gün türgenler ýaryşyň guramaçylary bilen tanşyp, Garagum sähralygy boýunça amala aşyrjak täze synanyşyklarynyň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Mathieu Serradori we Fabian Lurkiun ýaly “Africa Eco Race” ýaryşlarynyň ýeňijileri bolan türgenler türkmen topragynyň myhmansöýerligine haýran galdylar.
“Amul – Hazar 2018” halkara
awtorallisiniň 2-nji güni, 10-njy sentýabr:
Ýaryşyň başlanmagyna bir gün galanda, Türkmenabat şäherinde halkara awtorallisiniň açylyş dabarasy guraldy. Ilki bilen, Türkmenabatda Žan-Lui Şlesseriň, ýaryşlaryň direktory Rene Metsiň hem-de rallä gatnaşyjylaryň arasyndan belli türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Onuň öň ýanynda toparlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitaby paýlanyldy. Brifingiň dowamynda ýol ugrunda GPS ulgamyny ulanmak boýunça düşündirişler we beýleki maslahatlar berildi, düzgünler hem-de käbir beýleki kadalar anyklanyldy.
Şeýle hem şol gün Türkmenabat şäheriniň “Baýdak” meýdançasynda hormatly Prezidentimziň gatnaşmagynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde dünýäniň onlarça ýurtlarynyň awtoulaglarynyň gatnaşmagynda “Amul – Hazar 2018” halkara rallisiniň dabaraly ýörişi guraldy. Oňa jemi 150-den gowrak sürüji we şturman-kömekçi sürüji gatnaşdy, olaryň köpüsi garyşyk düzümde-internasional toparda çykyş edýär. Dabaraly ýörişde dünýä awtomobil senagatynyň “Mini”, “Nissan”, “Toyota”, “Mitsubishi”, “Chevrolet”, BMW, “Peugeot”, “Opel”, “Porsche”, “Land Rover”, “Suzuki”, “Chrysler” we beýlekiler ýaly, iň ygtybarly hasap edilýän awtoulag kysymlary görkezildi.
“Amul – Hazar 2018” halkara
awtorallisiniň 3-nji güni,
11-nji sentýabr:
Şol gün Lebap welaýatynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy. Ilki bilen, şol ýerde prologa — kwalifikasion ýaryşa taýýarlyk görmek başlandy. Bu ýaryşda ralliniň birinji tapgyry üçin badalga belgileri kesgitlenildi. Prologyň uzynlygy 9 kilometre barabardyr.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, özüniň 100-nji belgili sport awtoulagynda ýörite ýol boýunça belli aralygy geçip, prology açdy. Soňra ýaryşyň uzynlygy 247 kilometre barabar bolan birinji tapgyryna badalga berildi. 83 ekipaždan ybarat bolan rallä gatnaşyjylaryň awtoulaglary birinji tizlikli tapgyryň badalga alýan ýerinde öz orunlaryny eýelediler we şondan köp wagt geçmänkä-de, ýola düşdüler. Ýaryş başlandy. Birinji tapgyrda pellehana ilkinji bolup, 100-lik belgili ulagyň ekipažy geldi. Türgenler birinji tapgyryň tamamlanýan “Mary” düşelgesine geldiler.
“Amul – Hazar 2018” halkara
awtorallisiniň 4-nji güni,
12-nji sentýabr:
Şol gün türgenler “Mary” düşelgesinden ýola çykyp, ýaryşyň ikinji tapgyryny geçdiler. Bu tapgyr Ahal welaýatynyň çäklerindäki “Garagum ýalkymy” düşelgesinde tamamlandy. Ikinji tapgyryň ýaryş ýolunyň uzynlygy 228 kilometrden ybarat bolup, oňa ulaglaryň 75-sinden 55-si gatnaşdy. Sürüjileriň belleýişleri ýaly, ýoluň birinji tapgyry ýeňil bolmady. Ikinji ýoluň çylşyrymlylygy ondan birneme ýeňilräk boldy — ýaryşa gatnaşyjylar Garagumuň çägeliklerine öwrenişdiler we “Garagum ýalkymy” düşelgesine ynamly ýetdiler.
Bäsleşigiň umumy hasabynda ispan sürüjileri Nani Roma we Aleks Haro öňdeligi saklamagy dowam etdirýärler. Ýöne Beýik Britaniýadan gelen sürüji Garri Hant we onuň kömekçisi Wouter Rosgaar pellehanada ispanlary ozup geçip, şu günki ýaryşyň ýeňijileri boldular. Pellehana üçünji bolup türkmen sürüjileri Hojaguly Annamämmedow we Gaýgysyz Akmyradow geldi. Ýaryşyň öňdebaryjylarynyň aralary bary-ýogy birnäçe minut bilen tapawutlanýar. Ýeke-täk sürüji zenan bolan Ýuliýa Migunowa hem öz kömekçisi Igor Petenko bilen tapawutlandy. Olaryň “Toýotasy” T2 derejesinde ilkinji boldy.
Düşelgede ralliniň guramaçysy Žan-Lui Şlesseri doglan güni bilen gutladylar. Ady rowaýata öwrülen ulag sürüjisi türkmen topragynda öz 70 ýaşynyň toýuny belledi.
“Garagum ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bütin dünýä belli alaw Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Çölüň merkezinde ýerleşen ägirt uly alaw täsinlik hökmünde ykrar edildi. Gum alaňlarynyň arasynda emele gelen alaw, jahankeşdeleri bolşy ýaly, türgenleri hem haýrana goýdy.
Tebigy ýanýan alaw paýtagtymyz Aşgabatdan 270 kilometr daşlykda, Ýerbent obasyndan, takmynan, 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde türkmen alymlary indi 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar. 2013-nji ýylda türkmen hünärmenleri kanadaly kärdeşleri bilen bilelikde, 500 derejedäki gyzgynlyga çydamly ýörite enjamlary ulanyp, krateriň düýbüne düşüp, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrdy. Onuň düýbünden alnan topragyň düzümini öwrenmek arkaly adaty tebigatda ýaşamaga ukypsyz, diňe aýratyn şertlerde ýaşaýan janly bakteriýalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Bu tapyndy astrobiologiýa ylmy üçin örän wajypdyr. Gün ulgamyndan daşardaky planetalarda ýaşamak üçin bar bolan şertler şu ýerdäki gaz krateriniň şertlerine meňzeşdir.
“Amul – Hazar 2018” halkara
awtorallisiniň 5-nji güni,
13-nji sentýabr:
13-nji sentýabrda ýaryşyň üçünji tapgyry badalga aldy. Awtorallä gatnaşyjylar 236 kilometr aralygy geçdiler. Olara üçünji tapgyryň ahyrynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň öňündäki düşelgede dynç almak mümkinçiligi döredildi.
“Amul — Hazar 2018” ýaryşynyň üçünji tapgyryna gatnaşan 46 ulagdan pellehana ilkinji bolup, däbe öwrülişi ýaly, Nani Roma we Aleks Haro geldiler. Ispanlylar ýoluň her aralygynda garşydaşlaryndan barha we barha arany açyp, aralyk hem-de umumy hasapda öňde barýarlar. Ýaryşyň şu tapgyrynda ikinji bolup pellehana 17 minut gijä galyp, Aýrat Mardeýewiň KAMAZY geldi. Emeli türkmen kölüne üçünji bolup, Miroslaw Zapletal hem-de onuň ýolbeledi Marek Sikora geldi. Çehiýaly sürüjiler umumy hasapda ikinji orny eýeleýär.
“Amul – Hazar 2018” halkara
awtorallisiniň 6-njy güni,
14-nji sentýabr:
Ýaryşa gatnaşyjylar pellehana tarap ynamly barýarlar. Olar bäsleşigiň dördünji tapgyrynda “Altyn asyr” Türkmen kölündäki düşelgeden ýola çykyp, Balkan welaýatyna aralaşdylar. Ralli-reýdiň dördünji tapgyrynda 244 kilometr menzil aşyldy. Bu ýerdäki “Sport” düşelgesinde myhmanlar türkmen myhmansöýerligi bilen garşy alyndy.
Şondan soňra bu halkara awtorallisine gatnaşyjylara pellehana garaşýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilen bu halkara ýaryş diňe bir sport çäresi bolman, eýsem dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hem hyzmat etdi.
“Zaman–Türkmenistan”.