9-njy sentýabrda Şwesiýada parlament we ýerli dolandyryş edaralarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlaw geňeşiniň maglumatlaryna görä, parlament saýlawlarynda “gyzyl-ýaşyl” atly dolandyryjy partiýalar, ýagny Şwesiýanyň sosial-demokratik işçi partiýasy, Çepçi partiýa we Daşky gurşawy goramak boýunça partiýa 40,6 % ses bilen ýeňiş gazandy. Sagçy merkez bileleşigi, ýagny Aram bileleşik partiýasy “Liberallar”, Hristian-demokratik partiýa we Merkezi partiýa 40,3 % ses bilen ikinji orna düşdi.
Mandatlar barada aýdylanda bolsa, parlamentde “gyzyl-ýaşyllaryň” sany 144-e, sagçy merkezleriňki 143-e, şwed demokratlarynyňky 62-ä ýetdi. Şunuň bilen birlikde, bileleşikleriň hiç birisi kanun çykaryjy ýygnakda öz köplügini gazanyp bilmedi.
Bellenip geçilişine görä, saýlawlara korollygyň ilatynyň 84,4 %-i gatnaşdy.