Halkara howa gatnawlary bileleşigi (IATA) dünýäde uçarly gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň geçen ýyl 7,3 % artyp, 4 milliard 100 million adama ýetendigini mälim etdi. Degişli döwürde, howa gämileri arkaly daşalan ýükleriň mukdary 9,9 % artypdyr. Iň köp artyş Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde hasaba alnypdyr. Bu ýerde 10,6 % ösüş gazanylyp, jemi 1 milliard 500 million ýolagçy gatnadylypdyr. Ýewropada howa gämileri bilen syýahat etmek isleýänleriň sany 8,2 % artyp, olaryň sany 1 milliard 100 milliona ýetipdir. Bu görkeziji Demirgazyk Amerikada 3,2 %, Latyn Amerikada 4,1 %, Ýakyn Gündogar ýurtlarynda 4,5 % we Afrikada 6,6 % artypdyr.
Halkara guramanyň ýolbaşçysy Aleksandr de Ýunia 2000-nji ýylda ortaça ýaşaýan her bir adam 43 aýda bir gezek uçara münýän bolsa, 2017-nji ýylda 22 aýda bir gezek uçara münendigini belläp, uçmagyň hiç haçan beýle elýeterli bolmandygyny tassyklady.