Ge­çen aw­gust aýy­nyň ahyr­la­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ber­len biz­nes yg­ty­ýar­na­ma­la­ryň sa­ny 532 mü­ňe çen­li ar­typ, 2017-nji ýy­lyň ahy­ryn­da­ky gör­ke­zi­ji­den 9 gö­te­rim köp­dür. Bu bol­sa, biz­ne­siň has-da iler­le­ýän­di­gi­ne we yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän­di­gi­ne gü­wä geç­ýär.
BAE-niň Yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, di­ňe Abu-Da­bi, Du­baý we Şar­ja emir­lik­le­rin­de ber­len yg­ty­ýar­na­ma­la­ryň sa­ny 453 mü­ňe deň bo­lup, bu ýurt bo­ýun­ça ber­len yg­ty­ýar­na­ma­la­ryň 85 %-ine ba­ra­bar­dyr. Di­ňe Du­baý­da 249 müň biz­nes yg­ty­ýar­na­ma bel­li­ge al­nyp­dyr. Bu bol­sa, bü­tin ýurt­da dür­li yk­dy­sa­dy ösü­şe ýar­dam ber­ýän eda­ra­lara berlen yg­ty­ýar­na­ma­la­ryň 46,8 %-ine deň­dir. Ge­çen ýyl Bü­tin­dün­ýä ban­ky öz ha­sa­ba­tyn­da BAE-niň arap ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da biz­ne­si ýe­ňil ýö­ret­mek­de li­der­li­gi eýe­le­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.