Britaniýanyň «Premier Inn» myhmanhana ulgamy adamlaryň surata seredende üns beriş derejesini öwrenip, Ýewropanyň we dünýäniň iň owadan tomusky şäherlerini kesgitledi. Bu barlagda adamlar tomusky şäherleriň suratyna seredende, olaryň gözüniň haýsy ýerlere has çalt düşendigi we näçe wagt eglenendigi hasaba alyndy.

Ýewropa boýunça iň ýokary netijäni Gresiýanyň Mikonos adasy gazanyp, birinji orny eýeledi. «Demirgazyk Wenesiýasy» diýlip tanalýan Belgiýanyň Brýugge şäheri Ýewropada ikinji orny eýeledi. Kanallary, gadymy binagärligi we taryhy ýadygärlikleri bilen belli bolan bu şäheriň taryhy merkezi ÝUNESKO-nyň mirasyna girýär. Brýugge Ýewropada diňe Mikonos adasyndan yza galyp, Bristol, Palma-de-Maýorka we Kotor ýaly meşhur ugurlardan öňe geçdi. Şeýle hem Ýewropa ýurtlaryndan Ýork, Kardiff we Rim şäherleri reýtingde aşaky orunlarda ýerleşdi.

Şeýle hem bütin dünýä boýunça iň ýokary netijäni gazanan Kanadanyň Banf şäheri bu sanawda birinji boldy. Mundan başga-da  Sidneý, Kioto, Oklend, Los-Anjeles we Marokkodaky Şefşauen ýaly dünýäniň künjekleri hem bu reýtinge girdi.

Guramaçylar bu barlagyň adaty syýahatçy soragnamasy däldigini, eýsem, suratlardaky ilkinji wizual owadanlyga we adamlaryň tebigy täsirine esaslanandygyny bellediler. Bu bolsa Brýugge şäheriniň taryhy gurşawynyň we orta asyr keşbiniň hakykatdan hem örän owadandygyny ýene bir gezek subut etdi.