Amerikan kofehanalar tory “Starbucks” Italiýada özüniň ilkinji bölümini açdy. Bu ýöne bir adaty kofehana bolman, eýsem, “Starbucks”-yň dünýäde üçünji kofe taýýarlaýan kärhanasydyr. Onuň beýleki ikisi Sietlidäki ştab-kwartirasynda we Şanhaýda ýerleşýär. Kärhana Milanyň merkezindäki ozalky poçta edarasynyň täzeden abatlanan jaýynda ýerleşýär. “Starbucks”-yň dünýäniň 78 ýurdunda 25 müňden gowrak kofehanasy bolup, onuň ekspressonyň watany Italiýa gelmegi kompaniýa üçin örän uly wakadygy habarlar agentliklerinde bellenip geçilýär.
– “Starbucks”-yň ýene-de birnäçe kofehanasy şu ýylyň ahyryna çenli Milanda peýda bolar – diýip, kompaniýanyň baş ýolbaşçysy Kewin Jonson habar berdi. Žurnalda bellenilmegine görä, Italiýada ýokary hilli arzan kofe hödürleýän ýerli kofehanalaryň ýokary bäsdeşligi sebäpli, “Starbucks”-yň belli bir derejede kynçylyklara uçramagy hem mümkindir.
Täze açyljak “Starbucks”-yň bir bulgury 1,8 ýewro deň, ýöne adatça şäherde bir bulgur kofeniň bahasy 1 ýewrodan geçmeýär. “Starbucks”-yň kappuçinosy bolsa, 5 ýewro bolup, takmynan, şäheriň ortaça bahasyndan üç esse diýen ýaly gymmat.