Golland kompaniýasy “Ocean Cleanup” 8-nji sentýabrda Ýuwaş ummanynyň ABŞ-nyň kenarlaryndaky plastik zyňyndylary ýygnamak maksady bilen, “System 001” atly arassalaýyş ulgamyny işe girizdi. Bu barada “USA Today” gazeti habar berýär. Täze ulgam 600 metr töweregi uzynlykdaky ýüzýän barýerden ybaratdyr. Ulgam adaty ýollar bilen U görnüşini emele getirip, 2,7 metr suwuň çuňlugyna aralaşýar. Bu ulgam Gün batareýalary bilen iýmitlenýän elektrik lampalary bilen abzallaşdyrylandyr. Şeýle hem oňa galtaşmalary duýdurmak maksady bilen, datçik hem-de kamera berkidilen. Onuň awtorlarynyň aýtmagyna görä, bu ulgam akymlaryň we möwçleriň ýardamy bilen ummanyň ýüzündäki plastik galyndylary ýygnar. Barýere düşen galyndylar ýöriteleşdirilen gämiler arkaly gury ýere eltilip, ýok ediler. Ulgam bäş günüň dowamynda synag üçin Kaliforniýanyň kenarlaryndan 440 kilometr aralykda ulanylar. Synag üstünlikli geçen halatynda, barýer Ýuwaş ummanynyň kenarlaryndan iki müň kilometr uzaklyga çenli aralykda arassaçylyk işlerini geçirer. “System 001” taslamasynyň awtory, “Ocean Cleanup”-yň esaslandyryjysy 23 ýaşly golland Boýan Slatdyr. Geljekde ummany arassalamak maksady bilen, 60 barýeri döretmek we işe girizmek meýilleşdirilýär. Öndürilen ähli plastmassalaryň takmynan, 10%-i dünýä ummanyna atylýan eken. Eýýäm, plastik gaplardan, balyk tutulýan torlardan, oýunjaklardan we beýleki zatlardan ýygnalan bäş sany deňiz emele geldi. Barlag geçirijiler 30 ýylyň dowamynda dünýä ummanynyň çuňluklarynda plastik galyndylaryň üýşmekleriniň 3 müňe golaýynyň üstünden barypdyrlar.