Iri ispan moda kompaniýasy “Inditex”-iň ýolbaşçylary internet arkaly söwda toruny global derejede ösdürmek baradaky meýillerini mälim etdiler. Kompaniýa 2020-nji ýyla çenli dünýäniň ähli ýurtlarynda, hatda “Zara”, “Zara Home”, “Bershka”, “Massimo Dutti”, “Stradivarius”, “Pull&Bear”, “Oysho” we “Uterqüe” ýaly kompaniýalaryň düzümine girýän brendleriň resmi dükanlarynyň ýok ýerinde hem internet arkaly satuwyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Şeýlelikde, ispan kompaniýasy bütin dünýäde satuwyny amala aşyrýan ilkinji toruny ýola goýup, internet söwdasynda global liderlik derejesine dalaşgärlik edýär. Ýöne häzirki wagtda, hatda 12 internet-platforma dünýäniň 180 ýurdunda 120 logistik we müşderi merkezlerine eýe bolan elektron söwdasyny amala aşyrýan “Amazon” portaly hem global derejede işläp bilmeýär. Şeýle hem 2020-nji ýyla çenli “Inditex” toparlarynyň ählisine dükanlaryndan eltip berýän onlaýn-sargyt ulgamyny girizmek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly düzgün eýýäm, “Zara”-nyň işleýän 48 ýurdunyň 25-sinde bar. Şeýlelikde, ýene-de iki ýyldan satuwyň global toruny giňeltmegiň çäklerinde, topar ähli dükanlaryna FRID ulgamyny – harytlaryň radioýygylykly maglumat ulgamyny ornaşdyrar.