Is­pa­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ped­ro San­çes öz hö­kü­me­ti­niň iş­le­ri­niň il­kin­ji 100 gü­nü­niň ne­ti­je­le­ri­ne oňyn ba­ha be­rip, ýurt­da so­si­al ada­la­tyň has ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Hö­kü­me­tiň baş­ly­gy Is­pa­ni­ýa­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin glo­bal öz­ge­riş­le­ri­niň esa­sy mak­sa­dy­ny öňe sür­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ylym-bi­lim, iş, sag­ly­gy go­ra­ýyş, daş­ky gur­şaw we pen­si­ýa ul­ga­my ýa­ly ýur­duň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny aý­dyň­laş­dyr­dy.
Mun­dan baş­ga-da, hö­kü­me­tiň baş­ly­gy ýa­kyn aý­lar­da tä­ze iş ýer­le­ri­niň dö­re­di­lip, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
ÝU­NES­KO gir­me­gi­niň
25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär
15-nji sent­ýabr­da 15 is­pan şä­he­ri özü­niň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gir­me­gi­niň 25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. Is­pa­ni­ýa­nyň Awi­la, Se­go­wi­ýa, Sa­la­man­ka, Ka­se­res, Sant­ýa­go-de-Kom­pos­te­la, To­le­do, Ku­en­ka, Al­ka­la-de-Ena­res, Ibi­sa, San-Kris­to­bal-de-la-La­gu­na, Me­ri­da, Tar­ra­go­na, Bae­sa we Ube­da ýa­ly şä­her­le­ri bu ab­raý­ly sa­na­wa gi­ri­zi­len­dir.
“Mi­ras gi­je­si” atly bu baý­ram­çy­lyk is­pan şä­her­le­ri­niň bu sa­na­wa go­şul­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň nä­de­re­je­de ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Çün­ki eý­ýäm 25 ýyl bä­ri ýurt­da me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň go­ralmagyna degişli giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şol gi­je äh­li mu­zeý­dir köşk­le­riň, ki­li­se­le­riň we me­de­ni hem-de bi­na­gär­çi­lik gym­mat­lyk­la­ry bo­lan bi­na­la­ryň ga­py­la­ry ba­ryp gör­mek üçin açyk bol­ýar.