ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty 2045-nji ýyla çenli dolulygyna elektrik energiýasynyň täzelenýän çeşmelerini ulanmaga geçer. Degişli karara ştatyň gubernatory Jerri Braun gol çekdi. Resminamada bellenip geçilişine görä, 2025-nji ýyla çenli ştatyň 50 % elektrik energiýasy arassa çeşmelerden alnar, 2030-njy ýyla çenli bolsa, bu görkeziji 60 göterime ýeter. Ştatyň ýolbaşçylary şunuň ýaly kanunyň kabul edilmeginiň 2015-nji ýylda Parižde kabul edilen daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça ylalaşykda göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmäge ýardam berer diýip, çak edýärler.
Kaliforniýanyň gubernatory bellenilen şertleri berjaý etmegiň ýeňil düşmejekdigini, ýöne bu çäräniň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem, ýerli häkimiýetler “ýaşyl” ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň diňe bir ekologik meseleleri çözmän, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjekdigini öňe sürýärler. Kaliforniýanyň häkimiýetiniň maglumatlaryna laýyklykda, 2017-nji ýylda ştat täzelenýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň 29 %-ini aldy.