Hy­taý kor­po­ra­si­ýa­sy “Ali­ba­ba”-nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş­ly­gy Jek Ma ýe­ne-de bir ýyl­dan, ýag­ny 2019-njy ýy­lyň 10-njy sent­ýab­ryn­da pen­si­ýa çyk­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Onuň ýe­ri­ni kom­pa­ni­ýa­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Da­ni­el Çža­nyň eýe­le­jek­di­gi­ni “Ali­ba­ba” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
“Men “Ali­ba­ba Group”-yň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­de ýa­kyn 12 aýyň do­wa­myn­da gal­ýa­ryn we ýol­baş­çy çal­şy­gy­ny üs­tün­lik­li üp­jün et­mek üçin Da­ni­el bi­len ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýa­ryn. Şon­dan soň men di­ňe 2020-nji ýy­la çen­li “Ali­ba­ba”-nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şin­de gal­ýa­ryn” diý­lip, Jek Ma­nyň ha­tyn­da aý­dyl­ýar.
“Ali­ba­ba”-nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jek Ma öz mi­ras­da­ry De­ni­el Çža­nyň bu kom­pa­ni­ýa­da 11 ýyl bä­ri iş­le­ýän­di­gi­ni aý­dyp, onuň kom­pa­ni­ýa­da işlän döwründe özü­niň üýt­ge­şik ze­hi­ni­ni, tu­tan­ýer­li­li­gi­ni, ­ba­şar­jaň­ly­gy­ny hem-de gu­jur-gaý­ratyny gör­ke­zen­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da “Ali­ba­ba”-nyň gör­ke­zi­ji­le­ri­niň 13 çär­ýe­giň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li dur­nuk­ly ösü­şe eýe bo­landy­gy­ny nyg­ta­dy.
“Ali­ba­ba Group” 1999-njy ýyl­da Jek Ma ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Ol Hy­ta­ýyň iri in­ter­net kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup, elekt­ron söw­da­sy pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýar. “Ali­ba­ba” awgust aýynda birinji çär­ýe­giniň ma­li­ýe ha­sa­ba­ty­ny mä­lim et­di. On­da kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­le­ri 61 % ýo­kar­la­nyp, 80,9 mil­liard ýua­na (12,2 mil­liard dol­lar) ba­ra­bar bo­lup­dyr.