OPEC-iň ne­bit­li se­bet­le­ri­niň ba­ha­sy (OPEC Re­fe­rence Bas­ket of cru­des) 10-njy sent­ýabr­da 1,03 dol­lar ýa-da 1,4 % ýo­kar­la­nyp, bir bar­re­li­niň ba­ha­sy­nyň 74,17 dol­lar­dan 75,2 dol­la­ra çen­li ar­tan­dy­gy gu­ra­ma­nyň be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. OPEC-iň bir bar­rel ne­bi­ti­niň or­ta­ça ba­ha­sy sent­ýabr aýyn­da 75,19 dol­la­ra, 2018-nji ýyl­yň başyndan bäri ortaça 69,74 dol­la­ra deň bol­dy.
2017-nji ýyl­da OPEC-iň ne­bit­li se­bet­le­ri­niň or­ta­ça ba­ha­sy her bar­rel üçin 52,43 dol­lar, 2016-njy ýyl­da 40,76 dol­lar, 2015-nji ýyl­da 49,49 dol­lar, 2014-nji ýyl­da 96,29 dol­la­ra deň bo­lup­dyr. Ol 2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da 95,98 dol­la­r bo­lup, 100 dol­lar­dan geç­män­dir.
2013-nji ýyl­da nebitiň or­ta­ça bahasy 105,87 dol­lar, 2012-nji ýyl­da 109,45 dol­lar, 2011-nji ýyl­da 107,46 dol­lar, 2010-njy ýyl­da 77,45 dol­lar bolupdy. Re­kord baha 2008-nji ýy­lyň 3-nji iýu­lyn­da bel­li­ge al­nyp, bir bar­re­l nebit 140,73 dol­la­ra ýetipdi.
OPEC-iň “se­bet­le­ri­niň” nyr­hy bi­le­le­şik­dä­ki 14 ýur­duň çy­kar­ýan ne­bit gör­nüş­le­ri­niň or­ta­ça äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça kes­git­len­ýär. “Sa­ha­ran Blend” (Al­žir), “Gi­ras­sol” (An­go­la), “Orien­te” (Ek­wa­dor), “Za­fi­ro” (Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa), “Ra­bi Light” (Ga­bon), “Iran Heavy” (Eý­ran), “Bas­ra Light” (Yrak), “Ku­wa­it Export” (Ku­weýt), “Es Si­der” (Li­wi­ýa), “Bon­ny Light” (Ni­ge­ri­ýa), “Qatar Ma­ri­ne” (Ka­tar), “Arab Light” (Sa­ud Ara­bys­ta­ny), “Mur­ban” (BAE) we “Me­rey” (We­ne­sue­la).
OPEC -iň “se­bet­le­ri” adal­ga­sy (OPEC oil bas­ket hem diýilýär) 1987-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da gi­ri­zil­di. Onuň nyrh äh­mi­ýe­ti gu­ra­ma gir­ýän ýurt­lar ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän ne­bi­tiň esa­sy gör­nüş­le­ri üçin kes­git­le­nen or­ta­ça öl­çe­nen nagt ba­ha bo­lup dur­ýar.
Ne­bit eks­port ed­ýän ýurt­la­ryň gura­ma­sy (Or­ga­ni­za­ti­on of the Pet­ro­le­um Expor­ting Count­ri­es, OPEC) ne­bit kar­te­li ýa-da döw­le­ta­ra gu­ra­ma­sy bo­lup, çig ma­lyň sa­ty­ly­şy­ny saz­la­mak we çig ne­bi­tiň ba­ha­sy­na gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len 1960-njy ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar.
Gu­ra­ma­nyň dü­zü­min­däki 14 ýurduň her bi­ri­niň ne­bit çy­ka­ry­şy­na we çig ma­ly sa­ty­şy­na gö­rä pa­ýy bar­dyr. OPEC-e ag­za ýurt­lar dün­ýä­niň ne­bit gor­la­ry­nyň 2/3 bö­le­gi­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler. Dün­ýä­de ne­bit çy­ka­ry­ly­şy­nyň ýa-da ne­bit eks­por­tu­nyň 35 gö­te­ri­mi ola­ryň pa­ýy­na düş­ýär. OPEC-e gir­ýän ýurt­la­ryň su­but edi­len ne­bit äti­ýaç­lyk­la­ry 1199,71 mil­liard bar­rel­den gow­rak diý­lip çak edil­ýär.