Ke­nar­da öz to­pa­ry­nyň fut­bol oý­nu­ny do­lan­dyr­ýan tä­lim­çi­le­riň kö­pü­si, hat­da ag­ram­ly bö­le­gi wag­tyn­da meý­dan­ça­da der dö­ken fut­bol­çy­lar­dyr. Nä­me se­bäp­den­di­gi bi­lin­me­se-de, ýyl­dyz fut­bol­çy­lar­dan o di­ýen ba­şar­nyk­ly tä­lim­çi çy­ka­nok. El­bet­de, ýek-tük bar hem bol­sa, güýç­li tä­lim­çi­le­riň ag­la­ba­sy or­ta­tap fut­bol­çy­lar­dan yba­rat diý­sek öte geç­di­gi­miz bol­maz. As­lyn­da, öz bil­ýän, hat­da he­mi­şe meş­gul­la­nyp ýö­ren za­dy­ňy baş­ga­sy­na öw­ret­mek ýe­ňil bo­laý­jak ýa­ly. Em­ma mu­nuň he­mi­şe şeý­le däl­di­gi­ne, öz wag­tyn­da su­per ýyl­dyz bo­lan fut­bol­çy­la­ryň tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­la­ry­na se­re­dip, ymyk­ly göz ýe­tir­ýä­ris.
Şol bir­wag­tyň özün­de ömür­le­rin­de pök­gi dep­män pro­fes­sio­nal de­re­je­de bir gün hem fut­bol oý­na­man, tä­lim­çi­li­gi kär hök­mün­de saý­lan ýüz­ler­çe tä­lim­çi-de bar. Üs­te­si­ne-de şo­la­ryň kä­bir­le­riniň diý­seň ba­şar­nyk­ly kar­ýe­ra­la­ry bo­lup, olar köp­le­riň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan tä­lim­çi­ler­dir.

US­SA­ÇY­LYK­DAN TÄ­LIM­ÇI­LI­GE
Şot­land fut­bo­ly diý­len­de, iki to­par ýa­dy­ňa düş­ýär – “Reýn­jers” bi­len “Sel­tik”. Ma­li­ýe taý­dan çö­ke­nin­den soň, aşa­ky li­ga­la­ra dü­şen we ge­çen möw­süm tä­ze­den ýo­ka­ry li­ga do­la­nan “Reýn­jers” ýur­duň iň köp ku­bok­ly to­pa­ry­dyr. Hat­da Glaz­go şä­he­ri­niň bu we­ki­li dün­ýä­de-de ku­bok sa­ny bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ha­sap­lan­ýar. Bu to­pa­ra şol ku­bok­la­ryň ep-es­li­si­ni ga­zan­dy­ran Bill Stru­tuň şot­land fut­bo­ly­na go­şan­dy örän ulu­dyr. Yzy­gi­der­li­lik­de 34 ýyl­lap (1920–1954) “Reýn­jer­siň” tä­lim­çi­si bo­lan Bill Strut, as­lyn­da, daş us­sa­sy bo­lup, gü­ze­ra­ny­ny gö­rüp ýö­ren adam. Gap­da­lyn­da­nam pro­fes­sio­nal de­re­je­de ýe­ňil at­le­ti­ka bi­len meş­gul­lan­ýar (30 ýaş­dan geç­ýän­çä). 1900-nji ýyllarda mek­dep­le­riň bi­rin­de ýaş­la­ra fut­bol öw­re­dip baş­lan Strut 45 ýa­şyn­da “Reýn­jer­siň” tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär. 1872-nji ýyl­da dö­re­di­len klu­buň ta­ry­hyn­da­ky 2-nji tä­lim­çi bo­lan Stru­tuň döw­rün­de “Reýn­jers” çem­pio­nat­da 18, ku­bok ýa­ryş­la­ryn­da-da 12 (Şot­lan­di­ýa­nyň Ku­bo­gy 10, Li­ga ku­bo­gy 2) ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar.
* * *
Hor­wa­ti­ýa­ly An­te Ça­çiç hem us­sa­çy­lyk­dan tä­lim­çi­li­ge ge­çen­le­riň bi­ri bo­lup, ol 1 ge­ze­gem fut­bol oý­na­mandyr. Asyl kä­ri ra­dio we te­le­wi­zor us­sa­sy bo­lan An­te Ça­çiç gap­da­lyn­da­nam tä­lim­çi­lik gur­nak­la­ry­na gat­na­şyp, onuň in­çe til­sim­le­ri­ni öz­leş­dir­ýär. Dip­lo­my­ny ala­nyn­dan soň, us­sa­çy­ly­gy taş­lan Ça­çiç 1986-njy ýyl­da “Pri­gor­ýe Mak­ru­şe­wiç” to­pa­ryn­da tä­lim­çi­li­ge baş­la­ýar. Hor­wa­ti­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne (2015–2017) çen­li beý­ge­len Ça­çiç on­lar­ça klub­da-da iş­le­di.

GÜN­DIZ BANK­DA,
GI­JE TÄ­LIM­ÇI­LIK­DE
Ita­li­ýa­nyň “A-Se­ri­ýa­syn­da” ge­çen möw­süm­de çem­pi­on­ly­gy soň­ky hep­de­ler­de “Ýu­wen­tu­sa” al­dy­ran “Na­po­li­niň” ozal­ky, “Çel­si­niň” hä­zir­ki tä­lim­çi­si Mau­ri­zio Sar­ri hem öm­rün­de fut­bol oý­nap gör­me­dik. Asyl kä­ri bank iş­gä­ri bo­lan Sar­ri 1990-njy ýyl­da hö­wes­jeň hök­mün­de aşa­ky li­ga­la­ryň bi­rin­de “Stia” to­pa­ryn­da tä­lim­çi­li­ge baş­la­ýar. 1999-njy ýy­la çen­li gün­diz­le­ri­ne bank­da iş­läp, ag­şam­la­ry­na-da to­pa­ry­na tä­lim­çi­lik ed­ýär. Şol ýyl bank işi­ni ymyk­ly taş­lap, bar üm­zü­gi­ni tä­lim­çi­li­ge be­rip ug­ra­ýar. 59 ýaş­ly Sar­ri ag­la­ba “Se­rie B”, “Se­rie C” hem-de “Se­rie D” li­ga­la­ryn­da dür­li klub­la­ra tä­lim ber­ýär. Ola­ryň ara­syn­da “Pes­ka­ra”, “We­ro­na”, “Pe­ru­jja”, “Em­po­li” ýa­ly az­da-kän­de bi­lin­ýän klub­la­ram bar. 2015-nji ýyl­da-da “Na­po­li­niň” tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nen Sar­ri saý­lap alan hü­jüm fut­bo­ly tak­ti­ka­sy bi­len hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çek­me­gi ba­şar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da-da “Çel­si­de” şow­ly çy­ky­şy­ny do­wam et­dir­ýär.

“MILANA” 2 KUBOK GAZANDYRDY
Di­ňe bir ital­ýan fut­bo­lyn­da däl, eý­sem dün­ýä fut­bo­ly­nyň ta­ry­hyn­da-da Ar­ri­go Sak­ki­niň aý­ra­tyn uly or­ny bar. Ol 1987–1991-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Mi­la­na” oý­na­dan owadan fut­bo­ly hem-de ga­zan­dy­ran ku­bok­la­ry (Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 2, “Se­rie A-da” 1, In­ter­kon­ti­nen­tal ku­bo­gyn­da 2, UEFA Su­per ku­bo­gyn­da 2) bi­len uly meş­hur­lyk eýe bolýar. Ol ka­ka­sy­nyň aýak­gap fab­ri­gin­de iş­läp ýör­kä, beý­le­ki bir ta­rap­da­nam, hö­wes­jeň to­par­la­ryň bi­ri­ne tä­lim­çi­lik ed­ýär. Pro­fes­sio­nal de­re­je­de tä­lim­çi­li­ge 39 ýa­şyn­da “Par­ma” (1985–87) to­pa­ryn­da ga­dam ba­san Sak­ki “Mi­lan­da” (1987–91), Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da (1991–96), ýe­ne-de “Mi­landa” (1996–97), “At­le­ti­koda” (1998–99) iş­le­ýär. 2001-nji ýyl­da-da “Par­ma­da” 55 ýa­şyn­da­ka tä­lim­çi­li­gi taş­lan Sak­ki ital­ýan­la­ra 1994-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gyn­da kü­müş me­dal hem ga­zan­dy­ryp­dy.

IL­KI MAŞK­ÇY,
SOŇ­RA DÜN­ÝÄ ÇEM­PIO­NY
Bu sa­na­wa go­şul­ýan tä­lim­çi­le­ri­mi­ziň ýe­ne bi­ri-de bra­zi­li­ýa­ly Kar­los Al­ber­to Par­reý­ra­dyr. Kar­ýe­ra­sy ýe­ňiş­ler­den, ba­şar­nyk­lar­dan do­ly Par­reý­ra tä­lim­çi­lik­den ozal, professional däl fut­bol klub­la­ryň bi­rin­de fit­nes (maşk) tä­lim­çi­li­gi bi­len güm­ra bol­ýar. Soň­lu­gy bi­len, “Was­ko da Ga­ma”, “Flu­mi­nen­se” klub­la­ry­nyň, hatda Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň fit­nes tä­lim­çi­si we­zi­pe­sin­de-de iş­le­ýär. Dün­ýä Ku­bo­gy­na 5 dür­li ýy­gyn­dy bi­len gat­na­şan 2 tä­lim­çi­niň bi­ri bo­lan Par­reý­ra Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­na 1994-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dyr­ýar. “Flu­mi­nen­se”, “Ko­rin­tians”, “Sao Pao­lo”, “In­ter­na­sio­nal”, “San­tos”, “Wa­len­si­ýa”, “Fe­ner­bah­çe” ýa­ly klub­lar­da, Ga­na­nyň, Ku­weý­tiň, Bra­zi­li­ýa­nyň, BAE-niň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň ýy­gyn­dy­la­ryn­da iş­län 75 ýaş­ly Par­reý­ra hiç hi­li fut­bol oý­na­man, ýö­ne soň­lu­gy bi­len, uly ba­şar­nyk­lar ga­za­nan tä­lim­çi­le­riň bi­ri­dir.

IŇ KÖP KUBOK GAZANAN TERJIMEÇI
As­lyn­da, Žo­ze Mou­ri­nio bu sa­na­wa go­şul­ma­sa-da bo­lar. Her ni­çi­gem bol­sa, hä­zir­ki döw­rüň us­sat tä­lim­çi­le­ri­niň biri ha­sap- l­a­nylýan Mou­ri­nio­nyň ýag­şy­dan-ýa­man­dan pes­räk hem bol­sa, fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy bar. “Men­den fut­bol­çy bol­maz” di­ýip, fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­ny 7 ýyl­da, 24 ýa­şyn­daka ta­mam­lan Mou­ri­nio tä­lim­çi­lik­de ýo­ka­ry de­re­je­ler ga­zanýar. Ka­ka­sy­nyň kä­ri­ni (der­we­ze­çi) uzak do­wam et­di­rip bil­me­dik Mou­ri­nio 1994-nji ýyl­da “Por­to” to­pa­ry­na tä­lim­çi­li­ge bel­le­nen ang­li­ýa­ly Ser Bob­bi Rob­so­nyň ter­ji­me­çi­si bo­lup işe girişýär. Soň­ra Rob­son ony “Bar­se­lo­na” to­pa­ry­na-da alyp gaýd­ýar. Gap­da­lyn­da­nam tä­lim­çi­lik gur­na­gy­na gat­na­ýan Mou­ri­nio dip­lo­my­ny ala­nyn­dan soň, 2000-nji ýyl­da “Ben­fi­ka­da” tä­lim­çi­li­ge baş­la­ýar. “Uniao de Lei­ra”, “Por­to”, “Çel­si”, “In­ter”, “Re­al Mad­rid” ýe­ne-de “Çel­si” we hä­zir­ki wagt­da-da “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” tä­lim­çi­si bo­lan Mou­ri­nio­nyň ga­za­nan ku­bok­la­ry ony fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da­ky iň ba­şar­nyk­ly tä­lim­çi­le­riň bi­ri­ne öwür­di.
* * *
Edil şu gün­ler­de “Ýu­naý­ted­dä­ki” we­zi­pe­si so­wal as­tyn­da bo­lan Mou­ri­nio­nyň mi­ras­dü­şe­ri diý­lip gör­ke­zi­len, hat­da “Por­to­da” Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy ga­za­ny­lan­da, onuň kö­mek­çi­si bo­lan And­re Wil­laş-Boa­şyň hem fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy ýok. 2009-njy ýyl­da “Aka­de­mi­ka­da” tä­lim­çi bo­lup baş­lan Wil­laş-Bo­aş “Por­to”, “Çel­si”, “Tot­ten­ham”, “Ze­nit” hem-de “Şan­haý SIPG” klub­la­ryn­da iş­le­di. “Por­to” we “Ze­nit­de” ku­bok­lar ga­za­nan Wil­laş-Bo­aş edil ha­ly­pa­sy­nyň­ky ýa­ly uly kar­ýe­ra ýe­tip bil­me­di. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, fut­bo­lyň da­şyn­dan ge­lip, tä­lim­çi­lik­de az hem bolsa ýe­ňiş­ler ga­za­nan hü­när­men­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy ba­şar­dy.