Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä we se­bit de­re­je­sin­de iri ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýe­ne-de bir ta­ry­hy wa­ka­nyň – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­ni be­ze­ýän “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry­nyň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Eziz Di­ýa­ry­my­zy ösü­şiň be­lent sep­git­le­ri­ne alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sunga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ka­bul et­mek hor­ma­ty­na eýe bo­lan il­kin­ji döw­let bu bi­ziň ata Wa­ta­ny­myz – eziz Türk­me­nis­tan­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­me­gi hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de kes­git­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň döw­re­bap dü­zü­mi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne, hu­su­san-da, tu­tuş se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­herçesiniň gu­rul­ma­gy, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­dyr et­rap­la­ryn­da döw­re­bap sta­di­on­la­ryň, sport meý­dan­ça­la­ry­nyň hem-de sport mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy ba­bat­da­ky tas­la­ma­la­ra uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki hal­ka­ra ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­dy.
Dün­ýä­niň iri sport ýur­dy hök­mün­dä­ki or­nu­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýan ýur­du­myz­da 2018-nji ýyl “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Ha­ky­kat­dan hem, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi ha­sap­lan­ýan ýur­du­myz­da bu ta­ry­hy söw­da we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­lu­ny tä­ze­den di­kelt­mek ug­run­da uly hem-de ta­ry­hy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le mö­hüm iş­le­riň gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän döw­rün­de gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da gu­ra­lan “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si 2018-nji ýy­lyň ýyl­ýaz­gy­sy­na ta­ry­hy wa­ka hök­mün­de al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem-de aw­to­mo­bil spor­ty muş­dak­la­ry­nyň uly gy­zyk­lan­ma­sy­na eýe bo­lan hal­ka­ra ýa­ry­şyň gu­ra­ma­çy­la­ryn­dan “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li­si­niň baş di­rek­to­ry, sport aw­to­mo­bil­le­ri ýa­ry­şyn­da dün­ýä­niň iki ge­zek çem­pio­ny, ýol­suz ýer­de ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­nyň en­çe­me ge­zek eýe­si, “Pa­riž – Da­kar” we “Af­rica Eco Race” ral­li-ma­ra­fon­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­se­riň bel­leý­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ge­çi­ril­ýän ral­li ýa­ry­şy gys­ga wagt­da gu­ra­lyp, oňa dür­li mil­let­le­riň 25-sin­den 500-den gow­rak ada­myň bir ýere jem­len­me­gi uly ýe­ňiş­dir.

HAL­KA­RA AW­TO­RAL­LI­SI­NIŇ MA­HA­BA­TY

Başlangyjy 1-nji sahypada.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­da­ry, spor­tuň, hu­su­san-da, aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­nyň uly jan­kö­ýe­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra aw­to­ral­li­si gys­ga wag­tyň için­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uly gy­zyk­lan­ma­sy­na eýe bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şeý­le iri sport ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek ba­bat­da eden tek­li­bi­niň yzy­sü­re ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­dir eda­ra-kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan “Amul – Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­ni hal­ka­ra sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ta­nyş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len köp san­ly çä­re­ler ge­çi­ril­di. Il­kin­ji iri ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy şu ýy­lyň maý aýyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ril­di. Soň­lu­gy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ry­nyň gu­ra­ma­gyn­da ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­le­ri ge­çi­ril­di.
“Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gi­ňiş­le­ýin be­ýan et­mek mak­sa­dyn­da ýa­ryş­la­ryň res­mi saý­ty — www.turk­men­de­sert­race.com in­ter­net saý­ty dö­re­dil­di, on­da ýa­ryş­lar, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly, türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy we ýur­du­myz ha­kyn­da, onuň me­de­ni­ýe­ti, şu gü­ni we ga­za­nan­la­ry ba­ra­da ha­bar­lar ýer­leş­di­ril­di. Şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek üçin ýur­du­my­zyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ta­ry­hy, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­jek aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry ba­ra­da ha­bar­lar çap edil­di.
“Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si Hal­ka­ra aw­to­mo­bil fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FIA) ün­sü­ni özü­ne çek­di, onuň ýö­ri­te to­pa­ry bu tas­la­ma­ny gel­jek­de dün­ýä de­re­je­li ul­ga­ma gi­riz­me­giň oňat müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

TÜRK­MEN AW­TOS­POR­TY
ÜÇIN TA­RY­HY WA­KA

Ýur­du­myz­da awtomobil sportunyň has-da ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy üçin Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy dö­re­dil­di. “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si türk­men aw­tos­por­ty üçin ha­ky­ky ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. Bu fe­de­ra­si­ýa­nyň dö­re­di­le­ni­ne on­çak­ly köp wagt geç­män­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýur­du­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Aw­to­mo­bil spor­tu­nyň muş­dak­la­ry­na mil­li Li­de­ri­miz şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek pi­ki­ri­ni di­ňe bir öňe sür­me­gi däl, eý­sem-de, gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­rin­den baş­lap, anyk he­re­ket­le­re çen­li onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hut özü­niň ho­wan­dar­lyk et­me­gi bu iri möç­ber­li aw­tos­port tas­la­ma­sy­na aý­ra­tyn de­re­je ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hut özi ýol­suz ýer­ler­de sü­rül­ýän sport ula­gy­nyň sü­rü­ji­si hök­mün­de Ga­ra­gum säh­ra­syn­da aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­nyň geç­jek ýol­la­ry­ny sy­nag et­di.
Ýo­luň ug­run­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň oňaý­ly dynç al­ma­gy, teh­ni­ki iş­ler we me­de­ni çä­re­ler üçin du­ral­ga­la­ryň 4-si gur­nal­dy. Döw­re­bap teh­ni­ka­lar, ho­wa ulag­la­ry hem-de ral­li­niň ýa­ny bi­len git­mek we onuň ge­çi­şi­ni ýaý­lym­lar­da be­ýan et­mek üçin beý­le­ki ugur­daş se­riş­de­ler gu­ra­ma­çy­la­ryň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da şu­nuň ýa­ly ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak bo­ýun­ça tej­ri­bä­niň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. 2009-njy ýyl­da “Ýü­pek ýo­ly” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za de­giş­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Bu baş­lan­gyç goň­şy döw­let­ler bo­lan dost­luk­ly Rus­si­ýa­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň Li­der­le­ri ta­ra­pyn­dan uly gol­dawa eýe bol­dy. Üç ýur­duň için­den ge­çen we dün­ýä­niň 30-a go­laý döw­le­tin­den aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça us­sat­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan bu ulag ýa­ry­şy­nyň ýo­lu­nyň umu­my uzyn­ly­gy 4500 ki­lo­metr bo­lup, şo­nuň köp bö­le­gi Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­di.

GA­RA­GUM SÄH­RA­SY – ÝA­RY­ŞYŇ ÖZE­NI

Ýa­ryş­la­ryň uly bö­le­gi­niň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň için­den geç­me­gi bäs­le­şik­le­riň uly ses­len­me dö­ret­me­gi­ne ýar­dam et­di, dün­ýä­niň ägirt uly çöl­lük­le­ri­niň bi­ri te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň aý­ra­tyn nus­ga­sy hök­mün­de ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä te­bi­gy mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi­ne my­na­syp bo­lup dur­ýar. Bu ba­bat­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pi­ki­ri­ne gö­rä, “Amul – Ha­zar 2018” ýa­ryş­la­ry eko­lo­gi­ýa hä­si­ýet­li­dir, ýa­ryş­la­ryň Ga­ra­gu­muň ekoul­ga­my­na zy­ýan ýe­tir­mez­li­gi üçin çä­re­ler top­lu­my üp­jün edil­di. Şo­nuň üçin ony eko-ral­li, eko-reýd diý­ip at­lan­dyr­mak has äh­mi­ýet­li bol­sa ge­rek.
Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ty teh­ni­ki tä­sir­ler­den go­ra­mak bu gün tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Döw­le­ti­miz­de bu me­se­lä örän uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan ral­li ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, tä­ze EKO-5 ky­sym­ly di­zel ýan­gy­jy bi­len üp­jün edil­di. Şu ge­zek­ki ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ly­şyn­da ralli ýa­ryş­la­ry wag­tyn­da te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň bäh­bi­di­ne CO2 zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak bo­ýun­ça kon­sep­si­ýa ber­jaý edil­di. Şeý­le hem tiz wagt­da Owa­dan­de­pe­de tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len ýur­du­myz dün­ýä­de il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, Ýew­ro-5 ülňülerine la­ýyk gel­ýän sin­te­ti­k eko­lo­gi­ýa ýan­gy­jy­ny ön­dü­rip baş­lar.
Hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň köp bö­le­gi­niň Ga­ra­gum säh­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi bu ýa­ry­şyň, soň­lu­gy bi­len, dün­ýä­de iň ab­raý­ly “Da­kar” de­re­je­li aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun al­jak­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ga­ra­gum säh­ra­sy tä­sin­li­gi nuk­daý­na­za­ryn­dan özün­de has köp syr­la­ry sak­la­ýan­dy­gy üçin şeý­le ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne my­na­syp­dyr. Bu säh­ra­lyk Af­ri­ka­nyň çöl­lük­le­ri ýa­ly bir­sy­dyr­gyn gör­nüş­li bol­man, te­bi­gy köp­dür­lü­li­gi bi­len ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar hem-de is­len­dik pur­sat­da bu jan­ly eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň ga­ra­şyl­ma­dyk “sow­gat­la­ry­ny” peş­geş ber­ýär. Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­dä­ki “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li hem-de “Ga­ra­gum ýal­ky­my” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bü­tin dün­ýä bel­li alaw ja­han­keş­de­le­ri bol­şy ýa­ly, tür­gen­le­ri hem haý­ra­na goý­dy.
Amul­dan Ha­za­ra çen­li hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň gu­ral­ma­gy ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan ulag ul­ga­my bo­ýun­ça öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny­dyr, bu baş­lan­gyç­lar we tas­la­ma­lar se­bit we äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bo­lup, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my ösü­şe gö­nük­di­ri­len­dir.
Mah­la­sy, mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän bu hal­ka­ra ýa­ryş köp san­ly myh­man­la­ryň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik sak­la­nar we pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dost­lu­gyň il­çi­si hök­mün­de spor­tuň äh­mi­ýe­ti­niň yk­rar edil­me­gi­ne ýur­du­my­zyň ýe­ne-de bir go­şan­dy bo­lar.

“Zaman–Türkmenistan”