Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar. Uglewodorod we mineral serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat pudagynyň kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar.
Çig maly tebigy gaz bolan karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça iri senagat desgasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüş ýolunda barýandygyny, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär. Ýaňy-ýakynda baş baýramymyz – Garaşsyzlyk toýumyzyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýene-de bir iri senagat desgasynyň – “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi. Döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär, munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapýar.
HIMIÝA SENAGATYNYŇ IRI DESGASY
Garabogazköl türkmen aýlagy senagat möçberlerinde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly minerallaryň tebigy şertlerde emele gelmeginiň Ýer ýüzünde seýrek gabat gelýän künjekleriniň biridir. Aýlagyň kenarynda karbamid zawodynyň gurulmagy sulfat senagaty üçin ygtybarly çig mal binýady bolup hyzmat eder, bu aýlagyň “altyn düýbi” bar diýip, hasap edilýär. Bu taslama ýurdumyzyň mineral senagatynyň köp pudakly görnüşiniň kemala gelmeginde nobatdaky ädimdir. Sebitde iň iri maýa goýum taslamasy daşary ýurt hyzmatdaşlary — “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki zaman kärhanasynda iň täze dünýä tehnologiýalary ulanyldy.
Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär, ol garyşdyrylan gaty azot önümi bolup, karbamid önümçiliginde esasy çig mal hökmünde peýdalanylýar. Bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler, olary deňiz ýollary bilen eksport etmek göz öňünde tutulýar. Bu maksatlar bilen Garabogaz şäherinde ýerli deňiz portunyň durky doly täzelenildi, ol karbamidi daşary ýurtlara ibermekde möhüm deňiz menzilidir. Bu senagat desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy bilen ýurdumyzda karbamid önümçiliginiň möçberleri 2 million tonnadan gowrak möçbere ýetiriler. Oba hojalyk pudagynyň ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjün edilmegi maldarçylygyň we guşçulyk pudagynyň ot-iým binýadyny döretmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
“Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän önümleriň aglaba bölegini daşary ýurt sarp edijilerine ugratmak meýilleşdirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar eýýäm häzirki wagtda himiýa pudagynyň bu önümini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Şol sebäpli hem, esasan, ýokary hilli mineral önümleriniň eksportuna gönükdirilen bu iri senagat desgasynyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän 2018-nji ýylda işe girizilmeginiň aýratyn manysy bardyr.
Döwlet Baştutanymyz bu iri desganyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistan Watanymyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklary milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak babatda üstünlikli alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy senagat pudaklarynyň ynamly öňe barýandygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolup, mineral dökünleriň önümçiliginde tebigy gazy çig mal hökmünde ulanýar. Bu bolsa, azot dökünleriniň, hususan-da, karbamidiň önümçiliginiň giňeldilmegini, täze kuwwatlyklaryň gurulmagyny geljegi uly bolan ugra öwürýär.
Ýurdumyzyň himiýa pudagyny ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, “Garabogazkarbamid” zawodyny gurmak barada “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” ýapon we “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” türk kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda umumy bahasy 1 570 095 000 amerikan dollaryna barabar bolan şertnama baglaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu zawodda sintetik ammiak we karbamid öndürýän esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, kömekçi desgalar, şol sanda özbaşdak işleýän elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina generatory hem-de deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desga göz öňünde tutulandyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
“Garabogazkarbamid” zawody bir ýylda 1 milliard kubmetre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. “Garabogazkarbamid” zawody tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, bir gije-gündiziň dowamynda 2000 tonna sintetik ammiak öndürmäge we onuň esasynda bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna karbamid dökünini öndürmäge ukyplydyr. Zawodyň öndürýän karbamid önümi düzüminde 46,2 göterim azoty saklaýar hem-de dökünleriň arasynda bu ugurda görkezijisi iň bir ýokary hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz aýratyn belledi.
Şonuň ýaly-da taslama işleri ýerine ýetirilende esasy üns taslamanyň ekologik talaplaryna berildi. Zyýanly maddalaryň howa zyňyljak mukdary Türkmenistanda we halkara ülňüleriň kadalarynda kabul edilen çäklerden çykmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Taslamanyň çäklerinde zawodyň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan 40 maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10 sanysy guruldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Kärhanada jemi 1000-e golaý adam üçin iş ýerleri döredilendir. Bu bolsa, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de has-da gowulandyrmaga ýardam berer. Umuman aýdanyňda bolsa, bu iri kärhana Türkmenistanyň senagat pudagynyň ýokary depginler bilen ösmegine özüniň uly goşandyny goşar, onuň işe girizilmegi bilen daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi ep-esli artar diýip, milli Liderimiz belledi.
HALKARA BAÝRAKLARA
MYNASYP BOLDY
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gurlup ulanmaga berlen senagat desgasy birnäçe baýraklara mynasyp boldy. Açylyş dabarasynda karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ekologiýa taýdan halkara ölçeglerinde gurlandygy üçin birnäçe güwänamalara eýe boldy.
Braunşweýg tehniki uniwersitetiniň (Germaniýa) ösümlikler we topragy öwreniş instituty tarapyndan gazhimiýa toplumy iri maýa goýum kärhanasy hökmünde ykrar edildi we “Garabogazkarbamid” zawodynyň direktoryna “Innowasion tehnologiýalar pudagynda sylaglama” güwänamasy gowşuryldy.
Nemes federal barlag institutynyň ýanyndaky Týunen adyndaky oba hojalyk ýerleri, tokaýlary, balykçylyk we organiki ekerançylygy barlaglarynyň halkara jemgyýeti Garabogazdaky gazhimiýa taslamasyny “Iň effektiw we ekologiýa taýdan durnukly taslamalaryň biri bolandygy üçin” diýen güwänama mynasyp gördi.
Dökünler boýunça halkara ylmy merkezi täze gaz toplumyny ýokary hilli önümiň öndürilýändigini tassyklaýan “Tapawutlanan we ýokary hilli önümçiligiň gazanylandygy üçin” diýen güwänamasy (CIEC) bilen sylaglady.