Ýa­po­ni­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň baş­lyk­ly­gy­na üçün­ji ge­zek Sind­zo Abe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, Sind­zo Abe di­ňe bir üçün­ji ge­zek par­ti­ýa­nyň li­de­ri bol­man, eý­sem, 2021-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­na çen­li ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Sind­zo Abe saý­law­lar­da 553 ses alyp, 254 ses alan esa­sy bäs­de­şi Si­ge­ru Isi­ba­dan iki es­se köp ne­ti­je ga­zan­dy. Mun­dan ozal, Sind­zo Abe ýe­ňiş ga­za­nan ha­la­tyn­da, ýur­duň de­mog­ra­fik hem-de hal­ka­ra me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Sind­zo Abe 2012-nji ýyl­dan bä­ri ýur­dy do­lan­dyr­ýar. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ol ýa­kyn wagt­da bu we­zi­pe­de uzak wagt­lap ga­lan ýa­pon prem­ýer­le­ri­niň reý­tin­gi­niň ba­şy­ny çe­ker.