24-nji sent­ýabr­da Mal­diw Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­la­wyn­da Mal­diw de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Ib­ra­gim Mo­ham­med So­lih ses­le­riň 58,3 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lup, ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ab­dul­la Ýa­min­den öňe saý­lan­dy. Mal­di­wle­riň saý­law ge­ňe­şi­niň res­mi we­ki­li Ah­med Ak­ram Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na ber­len ses­le­riň des­lap­ky sa­na­wy­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol saý­law ge­ňe­şi­ne 233 877 býul­le­te­niň ge­lip gow­şan­dy­gy­ny, saý­law­çy­la­ryň gat­na­şy­gy­nyň hem 89,22 gö­te­ri­me deň bo­lan­dy­gy­ny ha­bar be­r­di. Saý­la­wyň er­te­si I. M. So­lih özü­niň ýeň­şi ba­ra­da mä­lim et­di. Şol gün hä­zir­ki Pre­zi­dent onuň bi­len du­şu­şyp, döw­let ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy bi­len gut­la­dy.
Mal­di­w Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi öz be­ýa­na­tyn­da saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni tas­syk­lap, mu­nuň 2008-nji ýyl­da ýurt­da güý­je gi­ri­zi­len Esa­sy Ka­nun­dan soň­ra ge­çi­ri­len üçün­ji Pre­zi­dent saý­la­wy­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Be­ýa­nat­da saý­law­la­ryň ýüz­ler­çe hal­ka­ra syn­çy­nyň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da üs­tün­lik­li we pa­ra­hat ge­çen­di­gi hem-de saý­law­la­ryň gi­di­şin­de ses ber­li­şi­giň ne­ti­je­le­ri­ni ýoý­ma­ga se­bäp bol­jak haý­sy­dyr bir me­se­lä­niň ýü­ze çyk­man­dy­gy mä­lim edil­ýär. Şeý­le-de res­mi­na­ma­da saý­law­la­ryň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri­niň 30-njy sent­ýab­ra çen­li bel­li bo­lup, saý­la­nan Pre­zi­den­tiň 17-nji no­ýabr­da res­mi ka­sam ka­bul edip, öz we­zi­pe­si­ne gi­riş­jek­di­gi bel­le­nip ge­çil­ýär.