Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da täze möwsümiň ilkinji 4 tapgyry tamamlandy. Ýöne oýnalan 40 duşuşygyň hiç biri hem golsuz tamamlanmady. “Serie A” häzirki wagtda ýeke oýny hem golsuz geçmedik ýeke-täk çempionat bolup, 40 duşuşykda 121 gol geçirilip, ortaça her oýna 3-den köp gol düşýär.

Edil “Serie A”-da bolşy ýaly, ýurduň 2-nji ligasy bolan “Serie B”-de hem 4-nji tapgyryň oýunlary oýnaldy. Käbir toparlaryň bir oýny kem bolup, şu wagta çenli oýnalan oýunlaryň hiç birinde hem 0-0 hasaba alynmady.

Başgaça aýdylanda, Italiýanyň taryhynda hem “Serie A”-da, hem-de “Serie B”-de ilkinji 4 tapgyrda ähli oýun-da gol geçirildi we şeýle statistika ilkinji gezek duş gelinýär.