Ispaniýanyň “Barselona” topary bu möwsümde başgaça oýun görkezýär. Katalonlar çempionatdaky 6-njy tapgyryň çäginde öz meýdançasynda “Rasing Santander” toparyny 7-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda 2-si penaltiden 3 gol geçirdi. Ol oýnuň 25-nji (p), 42-nji hem-de 67-nji minutlarynda tapawutlandy. Katalonlaryň beýleki gollaryny Kanselo (8), Wilýalibre (36 awtogol), Gabriel Žesus (79) hem-de 2 asist eden Ýamal (89) öz atlaryna ýazdyrdylar.

“Rasing” toparyndan bolsa Geýe (30) bilen Zabiri (65) tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Barselona” toparynyň çempionatdaky gollarynyň sany 6 oýunda 28-e ýetdi. Katalonlar umumylykda 7 duşuşykda 33 gol geçirip, taryhy statistika bilen ýoluny dowam edýär.

“La Ligada” “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Osasunany” 4-0 (Dewid 24, Li 54, Le Norman 63, Baena 82), “Sewilýa” bolsa ýeňlişsiz gelýän “Deportiwony” myhmançylykda 1-0 hasaplar bilen utdy.