“So­lu­ni­on” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2014-nji ýyl­dan 2018-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da hy­taý­ly­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da Is­pa­ni­ýa­da bel­li­ge al­nan ge­le­şik­le­riň umu­my ba­ha­sy 13,44 mil­liard ýew­ro deň bol­dy. Ozal­ky dört ýyl­lyk­da, ýag­ny 2009-njy ýyl­dan 2013-nji ýy­la çen­li ara­lyk­da bu görkeziji 1,54 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar bo­lup, bu ýurt­da ma­ýa goý­mak üçin has özü­ne çe­ki­ji pu­dak­lar gur­lu­şyk, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, hyz­mat­lar we ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry ha­sap­lan­ýar.
Bi­ler­men­ler hy­taý­ly ma­ýa­dar­la­ryň iş­jeň­li­gi­niň Is­pa­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni has-da ös­dür­mä­ge uly go­şant goş­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Şeý­le hem olar Hy­ta­ýyň Is­pa­ni­ýa ma­ýa go­ýu­my­ny do­wam et­dir­jek­di­gi­ni hem-de bu ba­bat­da tä­ze ugur­la­ry göz­le­jek­dik­le­ri­ni çak­la­ýar­lar. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, hy­taý­ly­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy bir­nä­çe ýag­daý­lar bi­len şert­le­nen­dir. Bi­rin­ji­den, HHR-iň ba­za­ry­nyň bar­ha li­be­ral­laş­ma­gy bo­lup, bu ýag­daý iki ta­ra­pa hem ma­li­ýe aky­my­ny ug­rat­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Ikin­ji­den, Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň 70-den gow­rak döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len “Bir gu­şak, bir ýol” at­ly Ýü­pek ýo­lu­nyň yk­dy­sa­dy gu­şak­ly­gy tas­la­ma­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­ýan­ly­gy bo­lup dur­ýar. Äh­mi­ýe­ti az bol­ma­dyk ýe­ne-de bir ýag­daý bol­sa, Hy­ta­ýyň 2025-nji ýy­la çen­li önüm­çi­lik stra­te­gi­ýa­sy bo­lup, on­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len teh­no­lo­gik alyş-ça­lyş ar­ka­ly önüm­çi­li­giň hi­li­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.