Günorta Amerikadan, ýagny Boliwiýadan ýabany pişigiň täze görnüşi tapyldy. Alymlaryň bellemegine görä, alajagaplaňyň kiçeldilen nusgasyna meňzeş bu pişik pişikler maşgalasynyň 1,4 million ýyl mundan ozal bölünen aýratyn neslini emele getiripdir.

Braziliýadaky Rio-Grande-du-Sul Pontifik Katolik uniwersitetiniň (PUCRS) Durmuş we saglyk ylymlary mekdebiniň professory Eduardo Eizirigiň ýolbaşçylygyndaky halkara barlag topary Boliwiýada tapylan kiçijik ýabany pişigiň täze bir görnüşdigini tassyklady. Barlagyň netijeleri 17-nji sentýabrda «Current Biology» žurnalynda çap edildi. «Leopardus tilcayo» ady berlen bu pişige gysgaça «tilcayo» – menekli pişik diýilýär.

«Tilcayo» ilkinji gezek Boliwiýadaky And daglarynyň gündogar eňňitlerindäki Ýungas tokaýynda ýüze çykaryldy. Menekli pişigiň bedeniniň uzynlygy takmynan 46 sm, agramy bolsa 1,4 kg töweregi bolup, bu öý pişiginden hem kiçi diýmegi aňladýar. Menekli pişigiň goňur reňkli tüý örtügi bolup, onda alajagaplaňy ýatladýan goýy reňkli tegmiller bar.