Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi banky 100 hem-de 200 ýewrolyk täze banknotlaryň nusgalaryny çykardy. Bu pullar 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda dolanyşyga giriziler. Indi nominalyň şekilleri uly hem-de aýdyň bolar. Mundan başga-da, onuň dizaýnynda güberçek şekiller ulanylyp, ol ýazgylara dürli öwüşginleri berýär. Pulda goragyň goşmaça derejeleri bolup, onuň reňk gammasy üýtgewsizligine galýar. 100-lük ýewro iň köp ulanylýan puldur.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi bankynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy Iw Merşiň aýtmagyna görä, Ýewropa pulunyň täze görnüşleriniň çykmagy birinji nobatda, galplyk bilen göreşmekde oýlanyşykly çäre bolar. Bu pullary galplaşdyryp bolmaýandygy hem-de adaty adamlara hem onuň hakykylygyny kesgitlemegiň aňsatdygy olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Mundan ozal, täze banknotlaryň şu ýylyň ahyrynda çykaryljakdygy habar berlipdi. 2013-nji ýylda gymmaty bäş ýewro, 2014-nji ýylda 10 ýewro, 2015-nji ýylda 20 ýewro, 2017-nji ýylda 50 ýewrolyk täze pullar dolanyşyga girizilipdi. 500-lik ýewrony täzelemek barada bolsa, heniz karar kabul edilmedi.
Häzirki wagtda köne 500-lik ýewro hem-de 2002-nji ýylyň beýleki banknotlary dolanyşykda hereket edýär. Ýewropanyň Merkezi banky olary çalyşmak maksady bilen täze pullary çykarmaýar. Pullaryň köne nusgasy ulanylyp sandan çykandan soň, aradan aýrylýar. Bank olaryň irräk ulanyşdan aýryljakdygyny we çäklendirilmedik wagtyň dowamynda täzesine çalşyp boljakdygyny habar berýär.