18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň merkezi binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow alyp bardy. Ol öz çykyşynda bäsleşigiň ýeňijisi bolan mekdep mugallymlaryny tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara hem-de ýaş mugallymlara nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.
«Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşiginiň şertlerine we düzgünine laýyklykda:
Baş baýraga «Günorta-Günbatar Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärlikleriniň öwreniliş taryhyndan», «Günorta-Günbatar Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärlikleri» we «Daşrabat kerwensaraýy» atly makalalary üçin Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär Hemra Täçgylyjow mynasyp boldy.
1-nji orna «Beýik Ýüpek ýoluň ýüregi – Watan», «Rowaýatlar mekany Bötendag» atly makalalary bilen Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň mugallymy Bahar Atabaýewa laýyk görüldi.
2-nji orna «Bäş şiriň obasy» atly makalasy bilen Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Sähet Gutlyýew hem-de «Paryzdepe – milli mirasyň genji-hazynasy» atly makalasy bilen Aşgabat şäherindäki 48-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Bekmyrat Bekjäýew dagy mynasyp boldy.
3-nji orunlara degişlilikde, «Ata Akbäbäýewiň zähmet çeken ojagynda» atly makalasy bilen Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň taryh mugallymy Annaşeker Ýegendurdyýewa, «Amyderýa taryhyň sahypalarynda» atly makalasy bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Aýnabat Rozyýewa hem-de «Gadymy ýadygärlikler – geçmişiň yzlary» atly makalasy bilen Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, TMÝG-niň işjeň agzasy Jahan Babaýewa dagy laýyk görüldi.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Leýla Ýazmyradowa («Beşir galasy – asyrlaryň syrly şaýady» makalasy), Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 33-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Madina Täjiýewa («Daşoguz: geçmişi taryhly, geljegi şöhratly» makalasy) we Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy Göwher Hudaýbergenowa («Gubadagyň täsin taryhy» makalasy) dagy höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaranyň dowamynda «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Myratdurdy Garjanow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow we baýraga mynasyp bolan mugallymlar çykyş etdiler.

Gün-günden özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň belent ösüşlerinde mugallymlaryň mynasyp paýy bar. Ýaşlara bilim-terbiýe berýän zehinli mugallymlarymyz öz makalalarynda berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar halkymyzy, parahatçylygy, dost-doganlygy, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini, owadan künjeklerini, obalaryny we şäherlerini çeper sözde wasp edýärler. «Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşan mugallymlara «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Baýrakly orunlara mynasyp bolan zehinli mugallymlarymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, galamlarynyň has-da ýiti bolmagyny we işlerinde uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris!
«Zaman-Türkmenistan».
PDF








