Ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­niň öňü­ni al­mak üçin dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gol­daw ber­ýän Ýew­ro­pa ýurt­la­ry al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ha­ta­ry­na wo­do­rod ýan­gy­jy­ny hem goş­ýar­lar. Se­bit­de soň­ky ýyl­lar­da ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ula­ny­ly­şy yzy­gi­der­li azal­dyl­ýar. Ýew­ro­pa­nyň 25 ýur­du­nyň ener­gi­ýa bo­ýun­ça we­kil­le­ri ýyg­na­ny­şyp, wo­do­rod teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li yl­my iş­le­ri art­dyr­mak, za­wod­lar­da, ulag­lar­da we öý­ler­de ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şin­den peý­da­lan­ma­ga de­giş­li tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler. Gys­ga wagt­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek bu tas­la­ma­la­ryň ara­syn­da wo­do­rod paý­laý­jy gaz ge­çi­ri­ji­le­ri gur­mak hem bar. Wo­do­rod ener­gi­ýa­sy köp wagt­dan bä­ri bar hem bol­sa, beý­le­ki ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne gö­rä, has az peý­da­la­nyl­ýar­dy. Bi­ler­men­ler ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­niň te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ün­si çe­kip, ony has-da giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ma­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Gün, ýel we beý­le­ki al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den ön­dü­ri­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň wo­do­ro­da öw­rü­lip, uly tan­ker­ler­de sak­lan­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Şeý­le hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ener­gi­ýa ze­rur­ly­gy bu usul ar­ka­ly üp­jün edi­ler. Bu ugur­da hä­zir­ki wagt­da öň­de bar­ýan Ger­ma­ni­ýa­da go­laý­da wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji ot­ly­nyň gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. Wo­do­rod ýan­gy­jy­ bi­len iş­le­ýän “Cora­dia iLint” at­ly dün­ýä­niň il­kin­ji ýo­lag­çy ot­lu­sy­nyň Kuks­ha­fen-Buks­te­hu­da ara­ly­gyn­da il­kin­ji yzy­gi­der­li gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. Ot­ly aşa­ky Sak­so­ni­ýa­nyň Kuks­ha­fen, Bre­mer­ha­fen, Bre­merf­ýord we Buks­te­hud şä­her­le­ri­niň ara­syn­da gat­nar. Onuň il­kin­ji sy­na­gy­na aşa­ky Sak­so­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we trans­port mi­nist­ri Bernd Alt­hus­man, şeý­le hem “Alst­rom” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy An­ri Pu­par-La­farg gö­zeg­çi­lik et­di­ler.
Bu ot­ly fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy “Alst­rom” ta­ra­pyn­dan ne­mes şä­he­ri Zals­git­ter şä­he­rin­de tas­la­nyp, ýyg­nal­dy. Ot­ly sa­gat­da 140 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket edip, bir sa­par ýan­gyç guý­lan­dan soň, müň­ler­çe ki­lo­met­re çen­li ýol geç­ýär. Bi­ler­men­ler wo­do­rod ýan­gyç ele­ment­le­ri bi­len iş­le­ýän ula­gyň daş­ky gur­şa­wa has az ze­per ýe­tir­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Wo­do­ro­d ýan­gy­jy ulag­la­ryň elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri üçin ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Aşa­ky Sak­so­ni­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri gel­jek­de se­bi­tiň di­zel ot­lu­la­ry­ny tu­tuş­ly­gy­na wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ot­lu­la­ra ça­lyş­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, 2015-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça sam­mit­de göz öňün­de tu­tu­lan sep­git­le­re ýet­mek üçin wo­do­rod ýan­gy­jy­nyň ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bu sam­mit­de ho­wa ze­per ýe­tir­ýän ýan­gyç çeş­me­le­ri­ni ulan­ma­gyň azal­dyl­ma­gy mas­la­hat ber­lip­di.