BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaşgärleriň arasynda geçirilýän deslapky ses berişligiň netijelerine görä, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary tarapyndan iň uly goldawa eýe bolup, sanawyň başyny çekýär. Maglumatlara laýyklykda, Howpsuzlyk Geňeşiniň dokuz agzasy Rebeka Grinspanyň bu wezipä dalaşgärligini dowam etdirmegini goldap ses berdi, bäş agza garşy çykdy, ýene-de bir agza bolsa öz garaýyşyny beýan etmedi.

Ses berişligiň netijelerine görä, ikinji orny gaýanaly dalaşgär Kerolin Rodriges-Birkett eýeledi. Oňa Howpsuzlyk Geňeşiniň sekiz agzasy goldaw berdi, altysy garşy çykdy, ýene bir agza öz garaýşyny beýan etmekden saklandy.

Ondan soňra Ugandanyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Olara Otunnu ýerleşdi. Ol bäş sany goldaw sesine, ýedi sany hem garşy sese eýe boldy, üç agza bolsa öz garaýşyny kesgitlemedi.

Halkara atom energiýasy gullugynyň (MAGATE) ýolbaşçysy Rafael Grossi hem bäş sany goldaw sesini aldy, emma Howpsuzlyk Geňeşiniň sekiz agzasy onuň dalaşgärligine garşy çykdy, ýene iki agza bolsa öz garaýyşyny beýan etmedi.

Mundan başga-da, Senegalyň öňki Prezidenti Maki Sala bäş agza goldaw berip, dokuzysy garşy çykdy, Howpsuzlyk Geňeşiniň ýene-de bir agzasy bolsa öz garaýşyny mälim etmedi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wezipe möhleti şu ýylyň ahyrynda tamamlanýar. Täze saýlanjak Baş sekretar 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda işe girişer. Geçen ýylyň noýabrynda agza ýurtlar bu wezipe üçin tekliplerini hödürläp başladylar. Şu ýylyň 1-nji aprelinde dalaşgärler üçin ýüztutmalar tamamlandy. 5 zenan, 3 erkek jemi 8 dalaşgärlige hödürlendi.

Dalaşgäriň bu wezipä saýlanmagy we bellenmegi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde azyndan 9 ses almagy we 5 hemişelik agzanyň hiç biriniň weto etmezligi zerurdyr. Ýazylan kanun ýok hem bolsa, köpýyllyk däbe görä, her möhletde Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden gezekli-gezegine saýlanýar. Şu gezek BMG-niň ýolbaşçysyny saýlamak nobaty Latyn Amerikasy we Karib deňzi sebitine degişli. Şeýle hem şu ýyl zenan ýolbaşçynyň bolmagy üçin çagyryş edildi.