Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahatyny (COP31) geçirmäge taýýarlyklar giň gerimde dowam edýär. Bu halkara forum Türkiýäniň taryhyndaky iň iri çäre bolmak bilen bir hatarda, diňe bir klimat diplomatiýasynyň merkezi bolman, eýsem, ýurduň syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüş tejribelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin uly mümkinçilik döredýär.
9-20-nji noýabr aralygynda geçiriljek bu sammitiň çäklerinde umumy meýdany bir ýarym million inedördül metre barabar bolan ýörite desgalar toplumy taýýarlanylyp, munuň içinde 527 müň inedördül metr “Gök zolak” we 582 müň inedördül metr “Ýaşyl zolak” üçin niýetlenen durnukly infrastrukturanyň döredilendigi, şeýle hem bu giňişlikde döwlet wekilleri, maýadarlar, alymlar hem-de startaplar üçin ekotehnologiýalary tanyşdyrmaga ähli şertleriň üpjün edilendigi habar berilýär.
Bu halkara forum ýurduň ekologiýa syýasatynyň çäklerinde guralýar we onuň dowamynda 150 müň töweregi myhmanyň gelmegine garaşylýar. Şol sanda oktýabr aýyndaky 77-nji Halkara astronawtika kongresi bilen utgaşyklykda geçiriljek bu çäreler myhmanhanalaryň dolulygyny artdyryp, syýahatçylyk möwsümini Antalýada üçünji noýabr hepdesine çenli uzaltmaga itergi berer.
Türkiýäniň daşky gurşaw, şähergurluşyk we üýtgeýän howa ministrliginiň hem-de Global durnukly syýahatçylyk geňeşiniň (GSTC) goldawy bilen, ýurt milli Durnukly syýahatçylyk maksatnamasyny ilkinji bolup durmuşa geçiren döwlet hökmünde ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşýandygy bellenilýär. Şeýle hem myhmanlaryň howpsuzlygy, ýolagçy logistikasy we VVIP liderler üçin aýratyn giriş nokatlaryny öz içine alýan operatiw dolandyryş işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygy aýratyn nygtalýar.
PDF








