Daşoguz şäherinde 400 orunlyk täze Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Häzirki güne çenli «Şadyýan gurluşyk» hojalyk birleşiginiň hünärmenleri tarapyndan Merkeziň esasy binasynyň ähli on blogynyň binýatlary tutulyp, demir-beton karkaslary galdyryldy. Käbir ýerlerde kerpiç örmek we diwarlara suwag etmek işleri alnyp barylýar. Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu desganyň umumy meýdany takmynan 9 gektara barabardyr. Ol dürli gatly binalardan ybarat bitewi toplum görnüşinde bina edilýär. Edaranyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde dürli keselleri dessine ýüze çykarmaga we bejermäge ýardam berjek iň döwrebap lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde tehniki maksatly kömekçi desgalaryň köpüsi, şol sanda ussahanaly ammar binasy, awtoduralga, kir ýuwulýan jaý, naharhana we beýleki jaýlar gurlar. Desganyň töweregindäki ähli çäk abadanlaşdyrylar, yşyklandyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler.

Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurulýan Daşoguz welaýatynyň Adalat edaralarynyň täze edara binasynyň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Daşoguz şäherinden Köneürgenç şäherine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu täze binanyň umumy meýdany bir gektardan köpdür.

Ulanmaga berleninden soň, bu iki sany täze, owadan we iri desga çalt depginlerde ösýän şäheriň täsirli binagärlik toplumyny has-da gözelleşdirer.

Bu barada https://turkmenistan.gov.tm saýtynda habar berilýär.