Fransiýanyň çempionatynyň 5-nji tapgyry “Les Classique” duşuşygy bilen tamamlandy. Ýagny “Marsel” bilen PSŽ-niň arasyndaky duşuşykdan soň çempionata edil, beýleki ligalar ýaly 20 günlük arakesme berler.
Çekeleşikli geçen oýunda PSŽ 2-1 hasabynda üstün çykyp, möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy. PSŽ toparyna möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandyran gollary 66-njy minutda Ferran Torres bilen 74-nji minutda Markinios geçirdi. 77-nji minutda bir oýunçysy (Timoti Wea) gyzyl kart alan “Marseliň” ýeke-täk pökgüsini 72-nji minutda Eýnjel Gomes öz adyna ýazdyrdy.
“Monako” topary öz meýdançasynda “Lansy” Brunner we Gradiniň awtogoly bilen 2-1 hasabynda ýeňip, ýeňlişsiz liderligini dowam etdirdi.
“Pariž” topary-da tälimçisi Liam Rosenioryň geçen möwsüm türgenleşdiren topary “Strasbury” Kebbal hem-de Pažiniň takyk urgulary esasynda 2-1 utdy.
Dawide Ançelottiniň tälim berýän “Lill” topary şol hasap bilen myhmançylykda “Nissadan” asgyn geldi (Ngoý 22 ö.d., Amura 67 – Ueda 79).
“Lion” bolsa öz meýdançasynda “Renn” toparyny Nuamanyň (7, 30), Atakameniň (48) hem-de Tolissonyň (76) gollary esasynda 4-0 ýeňip, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdi.
5-nji tapgyryň netijeleri:
Monako – Lans: 2-1
Lion – Renn: 4-0
Pariž – Strasbur: 2-1
Tuluza – Le Hawr: 3-2
Anže – Trua: 2-0
Le Man – Loriýan: 2-1
Oser – Brest: 2-1
Nissa – Lill: 2-1
Marsel – PSŽ: 1-2
PDF








