Gyrgyzystanda nobatdaky Prezident saýlawlarynyň geçiriljek wagty bellenildi. Ýurduň Parlamentiniň deputatlary tarapyndan indiki saýlawlaryň senesi resmi taýdan tassyklandy we oňa laýyklykda, nobatdaky Prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-sine bellenen tertipde geçiriler.
Ýokary kanun çykaryjy edaranyň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, «Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek hakyndaky» degişli kararyň taslamasy deputatlar tarapyndan ara alyp maslahatlaşylyp, biragyzydan kabul edildi. Kanunçylyga laýyklykda, nobatdaky Prezident saýlawlary hereket edýän döwlet Baştutanynyň ygtyýarlylyk möhletiniň tamamlanýan ýylynyň ýanwar aýynyň dördünji çarşenbesinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu möhüm syýasy çäräniň ýurduň Konstitusiýasyna we döwlet kanunçylygyna doly laýyklykda, guramaçylykly ýagdaýda hem-de ähli demokratik kadalara eýerilmek bilen guralmagy üçin degişli taýýarlyk işlerine badalga berildi.
PDF








