Kanadanyň Statistika gullugy (StatCan) migrasiýa akymynyň azalmagy netijesinde ýurduň ilatynyň sanynyň artyş depgini peselmeginiň dowam edýändigini mälim etdi. Şu ýylyň 1-nji iýulynda Kanadanyň ilatynyň sany takmynan 41 million 798 müň 407 adama ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň 1-nji iýuly bilen deňeşdirilende, 189 müň 425 adam ýa-da 0,5% köp diýmegi aňladýar.
Şeýle hem gulluk munuň umumy ilat sanynyň iýul aýlarynyň aralygyndaky (ýyllyk) artyş boýunça 1944/1945-nji ýyllardan bäri iň pes görkeziji, göterim hasabynda bolsa, 1915/1916-njy ýyllardan bäri iň pes artyş bolandygyny belledi.
Kanadada ilatyň artyş depgini 2023/2024-nji ýyllarda iýul aýy üçin iň ýokary derejä – 2,8 göterime ýetipdi, ýöne şondan bäri ýyllyk esasda yzygiderli peselýär.
Artyş depgini, görkezijiniň 1,1% bolan 2024/2025-nji ýyllarynyň iýul aýy bilen deňeşdirilende, iki esse töweregi azaldy.
Ýylyň ikinji çärýeginde, Kanadada ilat sany 80 müň 343 adam ýa-da 0,2% artdy. Bu COVID-19 pandemiýasynyň migrasiýa derejesini tas doly togtadan döwri bolan 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginden bäri ikinji çärýekdäki iň az artyş boldy.
“StatCan” diňe bir ilatyň artyş depgininiň haýallamagyny däl, eýsem soňky iki ýylyň dowamynda Kanadada ortaça ýaşyň ýokarlanmagyny hem “üýtgeýän halkara migrasiýa tendensiýalary” bilen baglanyşdyrdy. Şu ýylyň 1-nji iýulyndaky ýagdaýa görä, kanadaly ýaşaýjynyň ortaça ýaşy 42,1 ýaşa deň boldy.
Kanadada hemişelik ýaşaýjy statusyna eýe bolmadyk adamlaryň sany 2025-nji ýylyň iýul aýyndan bäri 154 müň 614 adam azalyp, şu ýylyň 1-nji iýulynda 2 million 779 müň 774 adama ýa-da umumy ilatyň 6,7 göterimine deň boldy.
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda hemişelik ýaşaýjy bolmadyk adamlar umumy ilatyň 7,2 göterimini düzýärdi. Munuň esasy sebäbi, okuw rugsadyna (140 müň 827 adam azalyp) we işlemek hem-de okamak rugsadyna (81 müň 163 adam azalyp) eýe bolanlaryň sanynyň ep-esli azalmagy bilen baglydyr.
Ilat sany boýunça iň uly azalyş 20-24 ýaş aralygyndaky (2,4%) we 25-29 ýaş aralygyndaky (3,1%) adamlar toparynda görüldi.
“CanStat”-yň maglumatlaryna görä, Kanada şu ýylyň ikinji çärýeginde 99 müň 148 immigranty kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň ikinji çärýegindäkiden (103 müň 527) 4,2% azdyr.
Häzirki wagtda 65 ýaşdan uly kanadalylar ilatyň 20 göterimini (0,6% artyş) düzýär, 0-14 ýaş aralygyndaky kanadalylar bolsa ilatyň 15 göterimini (0,1% azalyş) düzýär.
Ilatyň sany boýunça iň çalt ösüş Alberta welaýatynda 1,5% ösüş hasaba alyndy, iň haýal ösüş depgini bolsa Britan Kolumbiýasynda (0,1%) boldy. Ilat sany azalan ýeke-täk welaýat Demirgazyk-Günbatar territoriýalary boldy; bu ýerde ilat sany 0,3 göterim azaldy.
2025-nji ýylda Kanadada dogluş derejesi üýtgemän, her aýala düşýän çaga sany 1,26 derejesinde saklanyp galdy.
Kanadada dogluş derejesi 2009-njy ýyldan bäri yzygiderli azalýar. 2021-nji ýylda artma hasaba alnandygyny hasaba almasaňyz, 2017-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda bu azalma has ýiti häsiýete eýe boldy.
2024-nji ýylda 0,8 göterim möçberinde has kiçi azalma boldy, soňra bolsa 2025-nji ýylda görkeziji durnuklaşdy.
2025-nji ýylda Kanadada 372 müň 521 çaga dünýä indi, bu 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1,6% artyşy aňladýar. Kanadada dünýä inen oglan bäbekleriň sany (51,3%) gyzlaryňkydan (48,7%) köp boldy. 2025-nji ýylda Kanadada çaga dogran eneleriň 43,8 göterimi başga ýurtlarda doglanlardy, bu görkeziji 2021-nji ýylda 32,7% bolupdy.