Lissabon «Holiday Happiness Index» halkara sanawynda dünýäniň 46 şäherinden öňe geçip, birinji orny eýeledi we «bagtyň şäheri» diýlip ykrar edildi.
Harward uniwersitetiniň kliniki psihology Natali Dattilo-Raýanyň ýolbaşçylygynda geçirilen barlagda syýahatçylyk ugurlary «bagt gormonlarynyň» öndürilmegine täsir edýän Gün şöhlesi, ukynyň hili, ýaşyl zolaklar, bedenterbiýe we sagdyn iýmitlenmek ýaly ýagdaýlar boýunça bahalandyryldy. Ýylda 2 müň 828 sagat güneşli howasy bolan Portugaliýanyň paýtagty bu ugurda ýokary netijeleri görkezdi.
Barlagda şäheriň restoranlarynyň, takmynan, 10 göteriminiň sagdyn iýmitlenişe ýöriteleşendigi, şeýle hem Pariž, Tokio we Nýu-Ýork ýaly iri gastronomik merkezlerden öňe geçendigi bellenilýär. Şäherde dürli görnüşli we baha taýdan amatly tagamlaryň, ýaňy tutulan deňiz önümleriniň hem-de däp bolan garbanyşhanalaryň bardygy nygtalýar.
Hünärmenler şäheriň pyýada gezelenç etmek üçin oňaýlydygyny, deňiz kenaryna ýakyndygyny we her bir ýaşaýja 49 inedördül metr ýaşyl meýdan düşýändigini belläp geçdiler. Lissabonyň Syýahatçylyk assosiasiýasynyň baş direktory Antonio Walle bu ýagdaýyň myhmanlar we ýaşaýjylar üçin uly gymmatlyk döredýändigini aýtdy.
Sanawda ikinji orny asuda hem-de howpsuz bolan, bir adama 126 inedördül metr ýaşyl meýdan düşýän Helsinki, üçünji orny bolsa tematik seýilgähleri we ýylda 2 müň 930 sagat güneşli howasy bolan Orlando şäheri eýeledi. Iň gowy 10 sany şäheriň hataryna Afiny, Edinburg, Madrid, Wena, Budapeşt, Oslo we Wilnýus şäherleri hem girdi.
PDF




