Singapurda 65 ýaş we ondan ýokary ýaşaýjylaryň sany umumy ilatyň 21,4 göterimine ýetdi. Şeýlelikde Singapur “super garry” ilatly ýurt boldy. Bilermenler munuň adamyň ömür dowamlylygynyň artmagy we çaga dogulmagynyň azalmagy bilen baglydygyny belleýärler. Birleşen Milletler Guramasy 65 ýaşdan ulularyň bir ýurduň ilatynyň 20 göterimini emele getiren ýagdaýynda, şol ýurdy “super gary” ilatly ýurt hasaplaýar. Singapurda bu görkeziji mundan 10 ýyl ozal 13,7% dereejesindedi. Ýurduň umumy ilatynyň ortaça ýaşy 44,1 ýaş. Ýaşy segsenden geçenleriň sany 152 müňe ýetip, 10 ýylda 60% artypdyr. Çaklamalara görä, 2035-nji ýyla çenli her dört singapurlydan biri 65 ýaşdan ýokary bolar. Ýurtda her bir aýala ortaça 0,87 çaga düşýär. Bu bolsa, her bir aýalyň ömründe bir gezek hem çaga dogurmaýandygyny aňladýar. Saglyk hyzmatlarynyň ýokarlanmagy adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam edýär. Bu ýagdaý ýurduň ykdysadyýetine hem täsir edip bilýär. Şol sebäpli ýurt işçi ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin migrantlary kabul edýär. Ýurduň Hökümeti ýaşuly ilat üçin amatly bolan ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş üpjünçilik hyzmatlaryny hödürleýän merkezleri döredýär.