ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň ýolbaşçylygyndaky ýüzden gowrak amerikan kompaniýasynyň wekillerinden ybarat bolan uly wekiliýet oktýabr aýynyň ortalarynda Özbegistanyň Samarkant şäherine sapar guraýar. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ABŞ-nyň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor mälim etdi.
«UzDaily» neşiriniň habar bermegine görä, bu taryhy işewürlik sapary ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky strategiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ikitaraplaýyn diplomatik hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Saparyň çäginde Döwlet sekretary Marko Rubio Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «C5+1» görnüşindäki duşuşyga gatnaşar. Gepleşikleriň gün tertibine ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebiti bilen strategiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de sebitara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meseleleri girizilendir.
PDF








