Ýewropada kosmos uçurýan enjamlara bolan islegiň 2034-nji ýyla çenli, takmynan, alty esse artmagyna garaşylýar. Bu barada Brýusselde geçirilen «ÝB-niň kosmosa elýeterliligi» atly maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň goranyş we kosmos meseleleri boýunça komissary Andrius Kubilius habar berdi.

Ol Ýewropa Bileleşigine giň möçberli hemra maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin 2034-nji ýyla çenli jemi 62 sany kosmos uçurmagyň gerek boljakdygyny belledi. Kubiliusuň beren maglumatlaryna görä, bu uçuruşlar ÝB-niň «Galileo» nawigasiýa maksatnamasy, Ýeri synlamak boýunça «Kopernik» maksatnamasy, howpsuz hemra aragatnaşygyny üpjün edýän IRIS ulgamy hem-de meýilleşdirilýän täze döwlet synag maksatnamalary üçin zerur bolup durýar.